Seniň bilen törüm doly, supram giň

25 Awgust 2022
1255

Ogul öýerip, gyz çykarmak her bir ene-atanyň köňül arzuwy. Halkymyz döwletiň başy, nesil dowamaty hökmünde ogul öýermäge aýratyn ähmiýet berýär. Ogluň juwan ýaşa ýetenden, gözüň, gulagyň şondadyr. Her bir hereketinden many gözlärsiň, dilinden bir sahypjemalyň adyny eşitmek islärsiň. Ýelden-günden gorap kemala getiren ogluňy taýly etmek aladasy bilen gijelerine çirim etmän, daňyňy atyran günleriň az bolmaz. Süýji aladalar seni ilki syrgynyň, soňra obanyň bir çetinden elter. Ogluň bilen deň-duş gyzly öýleriň gabadynda «saklanyp», olaryň içinden saýlap-seçip, iň akyllysyny, asyllysyny, il arasynda işeňňir, eli çeper diýlip tanalýanyny törüňe geçirmegiň arzuwynda bolarsyň. Onda-da, ogluň dil ýarmazdan, ýürek matlabyňy aýdyp bilmersiň. Eneli-ogluň köňül islegi şol bir gözelde bolsa-ha, «aşygyň alçy gopdy» biläý. Begenjiňden ganat baglarsyň.

«Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän halkymyz toý sähedini il-güne geňeşip alýar. Ana, onsoň sähetli gün agzybir maşgalaňa dähedem-dessemläp, gyzyl çog kürteli gelin geler. Ak bagt, ýag ýaly akgynly durmuşy arzuwlap, «Bismilla» diýip, täze gelniň sag elini saryýaga, sol elini bugdaý una üç gezek batyrarsyň-da, döwletli öýüň töründen orun berersiň. Nesliň dowamat-dowam bolmagyny arzuwlap, täze gelniň gujagyna çaga berersiň. Şol pursat törüň dolup, supraň giňän ýaly bolar. Dogan-garyndaşlaryňy, goňşy-golam, dost-ýar, tutuş obany çagyryp, uludan toý tutarsyň. Şowhunly aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň arasy bilen: «Gelin aýagy düşsün!», «Hyzmaty buýursyn, önüp-ösüp, gatyşyp, garylyp gitsin!» diýen ýagşydan-ýagşy arzuwlary edýän toý gutlaglary ýaňlanar. Ir säherde senden öňürti örläp, supra ýazyp, çaýyňy demläp goýan, seni görende, uz ýaşynyp, eda bilen salam beren gelniňi mähribanlyk bilen gujaklanyňda, gözleriňde begenç ýaşy peýda bolar. Geljekki arzuwlara beslenersiň, ýüregiňde ene bolmak, agtyk söýmek küýsegi döräp, dowamat-dowamyňa sabyrsyzlyk bilen garaşarsyň...

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar