"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.

Baýramçylygyň dabaraly pursatlary

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdyk. Täze ýyl mynasybetli ähli ýerlerde medeni çäreler guraldy, konsertler hem-de sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar üçin dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle giňden tutulan dabaralarda Aýazbaba, Garpamyk hem-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary ýaşajyk çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oturdylan Baş arçanyň daşynda guralan dabaralar, aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Mälim bolşy ýaly, ýakynda «Älem» medeni-dynç alyş merkezine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Baş arçanyň ýanynda geçirilen dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bar.

Döwrüň nusgalyk şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär. Geçen hepdäniň şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Belent üstünlikleri nazarlap

Täze ýyl täze üstünlikleriň, beýik ösüşleriň ýyly bolsun. Bu günki günde iň oňat arzuwlar arzuwlanyp, birek-birek gutlanylýar. Munuň özi bagtyýarlykdyr, bagtdyr. Şeýle bagtyýarlykda ýaşaýan türkmen halky Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine tüýs ýürekden buýsanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyz dünýäde belent abraýdan peýdalanýar, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Şeýle parahat we asuda ýurtda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniler. Hut şu mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bularyň ählisi Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäde belent abraýynyň bardygyny, parahatçylygy we dost-doganlygy ösdürýändigini aýdyň beýan edýär.

Şöhrata beslenýän Diýar

Her bir ýylymyz döwleti, rysgal-berekedi bilen gelýär. Geçen ýylymyz sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2024-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýyl ýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ösüş-özgerişliklere, şanly günlere beslendi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze — 2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy aldyk. Ösüş ylym we bilim bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylym we bilim her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdür.

Nurana baýramyň waspy

Türkmen halkymyzda ýagşy arzuwlary beýan etmek, her bir ýyly üstünlikler bilen garşy almak asylly däbe öwrüldi. Ynha, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem her birimizde buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir ýylymyz uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Ösüşlere beslenýän döwrümize buýsanmak, waspyny ýetirmek biziň üçin uly bagtdyr. Ýurdumyz uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenen 2024-nji ýyl bilen hoşlaşyp, Diýarymyzy beýik sepgitlere çykarjak Täze — 2025-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylady. Hawa, Täze ýyl ynsanlaryň kalbyna mähir-muhabbet bolup dolýar. Şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenip, dolup-daşyp, Täze ýyl ýüreklerde ylham telwasyny oýaryp, gözel dünýämiziň kaddy-kamatyna, ýaraşykly jemalyna täsin bir lybas geýdirýär. Tutuş älem-jahany gurşap alýan gözellik ähli ynsanlaryň dünýäsini nurlandyrýar.

Ýagşy ar­zuw­la­r

Tä­ze ýyl­da şat­lyk-gül­ki gur­şap al­syn Di­ýa­ry­myz,Pa­ra­hat­lyk, asu­da­lyk — iň aja­ýyp ser­pa­ýy­myz,Uzak ýa­şaň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz!Ösüş, öz­ge­riş, üs­tün­lik do­wa­ma­ta do­wam bol­sun!Il aba­dan, ýurt pa­ra­hat, şi­rin mu­kam, owaz bol­sun! Tä­ze ýyl­da her ojak­da toý tu­tul­syn il de­ňin­de,Bi­na bol­sun yma­rat­lar, be­ýik jaý­lar giň ge­rim­de,Al­kyş aýd­ýas Ar­ka­da­ga — hal­kyň Mil­li Li­de­ri­ne,Be­dew bat­ly ösüş­le­ri­miz do­wa­ma­ta do­wam bol­sun!Il aba­dan, ýurt pa­ra­hat, şi­rin mu­kam, owaz bol­sun!

Arça

Joşgun bilen ýürekden,Arçamyzy bezedik.Dürli çyralar bilen,Goýduk ony uz edip. Güneş kimin parlaýan,Ýyldyz dakdyk başyna.Öwşün atýan zerlerden,Aýladyk oň daşyna.

Kö­ňül aý­dy­my

Nurana baýramyň has-da şöhratly,Tä­ze ýyl baý­ra­my — kö­ňül aý­dy­my.Çar­pa­ýa gal­ýan deý mis­li ak at­ly,Tä­ze ýyl baý­ra­my — kö­ňül aý­dy­my. Toý­nak da­byr­dy­sy buş­luk ge­tir­ýär,Uzak­lar­dan se­si hoş­luk ge­tir­ýär,Ja­ha­na ju­wan­lyk, ýaş­lyk ge­tir­ýär,Tä­ze ýyl baý­ra­my — kö­ňül aý­dy­my.

Täze ýyl geldi

Watanyň şatlygna goşup şatlygny,Bagtyýar ilime Täze ýyl geldi.Bezenip, beslenip şowhunly saza,Bagtyýar ilime Täze ýyl geldi. Bir-birege mähir bilen ýüzlenip,Gutlaglar ýaňlanýar ajap söz bilen,Waspyn edýäs mukam bilen, saz bilen,Bagtyýar ilime Täze ýyl geldi.

Milli mirasa sarpa

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde dürli çäreler geçirilýär. Üstünliklere beslenen geçen ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ÝUNESKO kluby bilen bilelikde «Ahalteke atlary — Parahatçylygyň ilçileri» ady bilen ylmy-amaly we okuw-usuly maslahat geçirdi. Mundan başga-da, akademiýamyzda ÝUNESKO kluby bilen «Ahalteke bedewi — ýyndamlygyň hem-de gözelligiň nusgasy», Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlap «Nesihatym uly ile ylymdyr», «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi», «Zeminiň zynaty, dünýäniň durky zenanlar», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň döwrebap nusgasy» atly ylmy-amaly we okuw-usuly maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. «Medeni mirasymyz — milli baýlygymyz» ady bilen onlaýn arkaly geçirilen intellektual zehin bäsleşikleri, sebitara maslahatlary teleýaýlymlarda yzygiderli häsiýetde söhbetdeşlikleriň üsti bilen halkymyza ýetirildi. Tamamlanan ýylymyzyň ahyrky günlerinde akademiýamyzda «New Year Fest 2025» ady bilen geçirilen dünýä ýurtlarynyň halklarynyň Täze ýyl baýramçylygynda taýýarlaýan milli tagamlarynyň festiwaly hem çuňňur mazmuna eýe boldy. Festiwalyň dowamynda talyp ýaşlarymyz ýurdumyzyň milli tagamlary bilen birlikde Hindistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Fransiýanyň, Am

Ýürekleri buýsandyran Täze ýyl

Ýanwar ANNAÝEW,Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň başlygy: — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybir halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. 2024-nji ýyl hem ýurdumyz üçin rysgal-bereketli, düşümli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylan belent sepgitlere ser salanyňda buýsanjyň artýar.

Belent üstünlikleriň aýdyň ýoly

Ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýä döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, «Pulkowo» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk desgalary gurlup, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm ähmiýetli halkara çärelere baý boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly birnäçe çäreler geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi taryhy waka boldy. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Şanly ýylda beýik ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly, ösüşli işlerini dowamata atarjak täze, 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun we uly dabara bilen ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Berkarar döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen şöhratlanan 2024-nji ýyl möhüm wakalaryň, gazanylan uly üstünlikleriň, giň gerimli başlangyçlaryň ýyly boldy. Şeýle ösüşdir özgerişler, gazanylan uly üstünlikler, oňyn başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bagtyýarlyga beslenen ýyllar

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly-uly üstünliklere ýetilýär, Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik ösüşler bilen täze taryhymyzyň altyn sahypasynda orun aldy. Ynha, Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Asylly däbe görä, her ýylda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler hakynda beýan edilýär. Şu ýylda hem milli medeniýetimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň dünýä ýaýylandygyny, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň wagyz edilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu şanly wakalar her bir ynsanyň kalbynda buýsanç döredýär. Her bir ýyl şanly wakalary bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäde giňden bellenildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy beýik şahyra goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besledi. Munuň özi akyldar şahyryň belent sarpasyny has-da ýokarlandyrdy, beýik derejelere ýetirdi.