"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Däp-dessurymyz – asylly ýörelgämiz

Türkmen halkynyň ýaş nesli özbaşdak zähmet çekmäge ugrukdyrmaga, olarda päk zähmete yhlas-söýgi döretmäge degişli öňden gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bar. Şeýle däp-dessurlar türkmen obalarynda has hem ýörgünli bolýar. Olaryň biri: «Inji» sowgat bermek däbi. Ýedi-sekiz ýaşly oglana atasy, babasy, daýysy ýaly ýakyn adamlarynyň biri ýaňy otugan ýaş owlagy ýa-da guzyny getirip: «Şuny saňa inji berýärin. Muny bakyp-bejerseň, birgiden süri dowaryň bolar» diýip, sowgat-serpaý edýärdiler. Şonuň ýaly inji berlen owlakdan-guzudan bir süri geçi-goýun ýetişdiren ýaşlar hem bolupdy. Käte taý, köşek inji berýänler-de bolardy.

Toý tutulmyş balkan ilinde

Täze taryhy eýýamda ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek örän wajypdyr. Täze ulag-üstaşyr ulgamlaryň geoykdysady kuwwaty örän uludyr. Ol özüne uly giňişligi birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, uly maýa goýum serişdeleri çekilýär. Bularyň ählisi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiňa esasy ugurlarynyň birine öwürmäge ýardam berýär. «Ýedi ýoluň çatrygy» diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Häzirki zaman yklymara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde uly orun eýelän bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Türkmen medeniýetiniň bagtyýarlyk döwri

Baý taryhy medeniýetimiziň häzirki döwürde has giňden çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi döwletimiziň, halkymyzyň medeniýetiniň dünýä derejesinde has-da giňden tanalmagy üçin örän möhüm esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baý taryhy medeniýetimizi öwrenmek, medeniýetiň täze ösüşlerine ýetmek babatynda alyp barýan döwlet syýasaty möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýet, bilim, binagärçilik pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, türkmeniň gadymy hem müdimi taryhy medeniýetini, sungatyny, galyberse-de, geçmiş edebiýatynyň üstüni häzirki zaman täze hem döwrebap eserler bilen doldurmak oňa aýratyn öwüşgin çaýyp, ony has-da baýlaşdyrmak ugrunda örän tutanýerli işler alnyp barylýar. Türkmen medeniýetiniň häzirki zaman medeni ugurlaryna ünsi çekip, raýatlarymyzyň baý medeni ruhly, watançy, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda geçirilýän çäreler, wagyz-nesihat işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly jümleleri halkymyzyň däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň, watansöýüjiliginiň medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Nakgaşçylyk sungatynda zenan edermenligi

Zenanyň watançylyk duýgusynyň kämilligi onuň dünýäsiniň özboluşly duýgusyny, garaýyşlaryny synlanyňda, öý-ojak aladasyny göz öňünde tutanyňda hem aýdyň görünýär. Olarda ene mähribanlygy bilen birlikde öz ýakynlaryna ýiti hamraklyk bar. Häzirki döwürde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Taryhdan bilşimiz ýaly, türkmen zenanlary diňe bir hojalyk işleri bilen meşgullanman, eýsem, duşman gelse, oňa berk gaýtawul berip, öz ojagyny goramagy hem başarypdyrlar. Öz çagasyny ýelden, suwdan apalaýan eneleriň öz topragyny goramaly ýerinde hem berk durandygy barada ençeme rowaýatlar, taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hut öz topragyny mähriban çagasy dek berk goramagy başaran eneleriň hormaty «Ata — Watan, ene — toprak» diýen gymmatly jümlede jemlenendir.

Bagtyýarlyk owazlary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem zehinli çagalaryň, höwesjeň aýdymçylaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde şowhunly we täsirli geçdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň täze öwüşginlerine beslenen bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Açyk asmanyň astyndaky sahnada geçen bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirilişlerde saýlanyp alnan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Medeniýeti we sungaty belent ruhuň goşa ganatyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalaryndan ruhlanan balkanly ýaş aýdymçylar bu gezek hem jogapkärli bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar tomaşaçylardyr talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Ata Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dost-doganlygy, erkana söýgini wasp eden joşgunly aýdymlar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Heýkeltaraşyň üstünligi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatymyzyň Änew şäherinde ýerleşýän N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow onda baş baýraga mynasyp boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara bäsleşikde zehinli heýkeltaraşa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eseri şeýle üstünligi gazanmaga şert döretdi. Gürrüňi edilýän halkara bäsleşigi şu ýylyň fewral aýynda yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, heýkeltaraşlaryň gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç ýaly materiallardan ýerine ýetiren heýkel işleri oňa gatnaşdyryldy. Welaýatymyzdan Patdyk Patdykow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserinden başga-da, «Sungat ägirtleri», «Enä hormat», «Halyçy gyzlar» diýen işlerini hem bäsleşige hödürledi. Onuň inçelik we ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sungat eserlerinde täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy, buýsançly taryhymyz we milli ýol-ýörelgelerimiz öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, heýkeltaraşyň işleri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Keşdelerde jemlenen täsinlik

Tebigatyň ýiti synçysy bolan türkmen zenanlary owadan gülleri — çopantelpekleri, çigildemleri, çynar bagynyň ýaprajyklaryny synlap, olaryň gözelliklerini çyrpylarynyň nagyşlaryna siňdiripdirler. Çyrpy kellä atylýan, ýeňil başatgyç. Çyrpylaryň gyralary gyrasarysyz, elde dokalan ýaşyl, ak keteniden, käbirleri ak nah matadan hem tikilipdir. Ýaz paslynda ýaşyl ýaýlalarymyzyň bezegi bolan owadan meýdan güllerimiziň birem çopantelpekdir. Çyrpylara salynýan «çopantelpek» nagşynyň depesinde bolsa «tamdyragulak» nagşy keşdelenýär. «Tamdyragulak» nagşy türkmen milli saz guraly bolan dutaryň (tamdyranyň) gulagynyň şekilidir. Bu nagyş tamdyranyň gulagyny ýatladyp dur.

Söz mülküniň zergäri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, onuň ady bütin dünýä doldy. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bu ýyl hem dabaraly, buýsançly pursatlara utgaşmagy beýik şahyra goýulýan sylag-hormatyň güwäsine öwrüldi. Şahyr ýüregi duýgur bolýar. Pyragy ýaly ylahy zehinli şahyrlar halkyň, il-günüň aladasy bilen ýaşaýar. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky liriki, dostluk öňe sürülýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okamak, lezzet almak bir başga, olary doly öwrenip many çykarmak düýbünden başga. Şahyr: «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, sözleriniň bir däl, juda köp zady aňladýandygyny, wagt geçip, şol dürdäneleriň öwreniljekdigini öňünden aýdyp gidipdir:

Saz sungatynyň ägirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Sazandalarymyzyň we kompozitorlarymyzyň esasy wezipesi ýurdumyzyň saz medeniýetini has belende götermekden ybaratdyr.

Ýakymly täsir galdyrdy

Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen ruhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak muzeý işgärleriniň borjy bolup durýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu ugurdan medeni çäreler, sergiler yzygiderli geçirilip, sungat ussatlarynyň döredijiliginiň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyna taýýarlyk görülýän şu günlerde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde medeniýet we sungat işgärleriniň «Amaly-haşam sungaty eserleriniň» sergisi açyldy. Köp adamly bolan bu sergide türkmeniň milli amaly-haşam sungaty eserleriniň häzirki zaman nusgalary görkezildi. Suratkeşler Möjek Çaryýewiň, Nataliýa Kaluginanyň, Aýa Serhenowanyň, Gülara Babaýewanyň nakgaş, keramika işleri, milli äheňde ýerine ýetiren şaý-sepleri, Dmitriý Flipçenkonyň mahmalyň ýüzüne çeken suratlary, Almagül Garlyýewanyň ussatlyk bilen döreden öý bezeg esbaplary görkezildi. Ussatlar Ajap Baýryýewanyň, Annabagt Täçmyradowanyň, Bahar Muhammedowanyň, Mariýa Flipçenkonyň, Irina Dorofeýewanyň, Gennadiý Osipowyň dürli ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Akapella — sazlaşykly sesler

Ynsan kalbyny heýjana getirip, ýürekleri joşdurýan sungatyň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan aýdym-saz senedi adam ömrüniň ýakyn hemrasydyr. Sebäbi aýdymdyr sazlar ynsanyň başyndan geçen ýatlamalaryny oýaryp, göwünlere ganat berýär. Şol aýdym-sazlaryň diňe ýekelikde däl, eýsem, iki, üç, dört we köpçülik bolup ýerine ýetirilýän görnüşlerine gabat gelýäris. Olaryň hersiniň hem özboluşly atlandyrylyşy bar. Meselem, iki bolup aýdym aýdylýan ýa-da saz çalynýan görnüşlerine duet, üç bolup ýerine ýetirilse trio, dört bolup ýerine ýetirilende kwartet diýilýär. Köplenç, aýdymlaryň saz bilen ýerine ýetirilýän görnüşlerini saz guralsyz aýdylýan aýdymlardan tapawutlandyryp bolmaýar. Muňa mysal hökmünde aýdym-saz sungatynyň sesleri sazlaşdyrýan akapella žanryny görkezmek bolar. Akapella — aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri. Aýdymlaryň akapella görnüşi dünýäniň iň kämil saz guraly hasaplanylýan ynsan sesinde, saz gurallary goşulmazdan ýerine ýetirilýär. Akapella aýdymlaryny diňleýän adama özboluşly sesleriň owaz sazlaşyklarynda saz gurallarynyň ýokdugy asla duýulmaýar. Bu bolsa toparyň düzümindäki aýdymçylaryň ýokary ussatlyk derejesini, kämilligini alamatlandyrýar. Akapellaçylaryň ähli ulanýan saz gurallary özleriniň tebigy sesleri bolup, aýdymynam, sazynam inçe-ýogynly, belentli-pesli seslere bölüp, ýerine ýetirýärler. Topar bolup ussatlyk bilen ýerine ýetirilen akapella

Heýkeltaraşlaryň Kämil dünýäsi

7-nji iýulda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu ýerde bäsleşige hödürlenen heýkelleriň sergisi guralyp, dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de bäsleşige göni wideoaragatnaşyk arkaly mynasyp orunlary eýelän daşary ýurtly heýkeltaraşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşige dünýäniň 11 döwletinden heýkeltaraşlaryň 89-sy gatnaşdy we bu bäsleşige işleriň 202-si hödürlendi. Oňa tejribeli ussat heýkeltaraşlar bilen bir hatarda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplara hem-de çeperçilik mekdeplerini tamamlan ýaşlara gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Bäsleşik tegelek hem-de güberçek göwrümli heýkel eseri (relýef) usullarynda geçirildi. Hödürlenen işler «Meniň Watanym», «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtyýar ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirilipdir. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, heýkel işleri gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç materiallarynda ýerine ýetirilip, olar 50 — 150 santimetr ölçegde kabul

Aýdym-sazly öýüň bikesi

Aýdym- saz — durmuşymyzyň bezegi. Bu ajaýyp gudrata maýyl bolmaýan ynsan ýok. Ony janyndan eý görýän aýdymçy-sazandalar ýurdumyzda näçe diýseň bar. Olaryň arasynda tutuş maşgalasy bilen bu hünäre köňül baglan we şol ýol bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýanlaryň hem kändigi buýsandyryjydyr. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň aýdymçysy Gözel Joraýewanyň maşgalasy hut şolaryň biri. Bu maşgala indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimize özleriniň şirinden-şirin aýdym-sazlarydyr tanslaryndan düzülen konsertleri bilen şatlyk paýlaýar. Medeniýetiň, sungatyň kiçijik ojagy bolan bu maşgala Medeniýet hepdeligine hem toý sowgatly bardy.

Medeniýet hepdeligi — 2021 pursatlar

Heýkeltaraşlaryň üstünligi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly heýkeltaraşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, göni wideoaragatnaşyk arkaly bäsleşige gatnaşan daşary ýurtly heýkeltaraşlar gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary bilen bir hatarda bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň taýýarlan işleriniň 114-si, dünýä döwletleriniň 10-syndan — Hytaýdan, Koreýadan, Mongoliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Belarussiýadan, Özbegistandan, Ermenistandan, Moldowadan, Ukrainadan heýkeltaraşlar gatnaşdy. Ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň heýkeltaraşlarynyň parahatçylygy wasp edýän, şeýle-de watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän eserleri «Meniň Watanym», «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtyýar ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirildi.

Ynsan kalbynyň syrdaşy

Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan döwletimizde güneşiň çogundan mähirlenip ýaşaýan halkymyz toýlaryny uludan tutup, bagşy-sazandalaryň şirin owazlaryny kalbynda hemişelik ýaşadýan halk. Türkmeniň haýsy birini alsaň-da medeni mirasymyzyň, halk senedimiziň inçe syrlaryndan baş çykaryp bilýändir. Sebäbi ene-mamalarymyzyň çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, onuň beýnisine ýakymly hüwdüsini guýmagy ynsanyň aýdym-saza bolan ukybyny ýüze çykarypdyr. Türkmen zenanlary hüwdüler arkaly çagalary ukladypdyrlar, bardy-geldi çaga nähoşlan mahalynda-da, hüwdi bilen ony rahatlandyrypdyrlar. Töründe dutar-gyjak ýaňlanan öý bagtly öý hasaplanypdyr. Türkmende eline saz guralyny alyp görmedik ýigit bolmandyr, kynçylykly pursatlarda hem dutar olaryň ýoldaşy bolupdyr. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» eseri muňa aýdyň mysaldyr.

Türkmen dutary we Gazak dombrasy

Gazagystanyň Al Faraby adyndaky milli uniwersitetiniň TÜRKSOÝ kafedrasynyň dosenti Oraz Sapaşew türki dilli halklaryň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklary ylmy taýdan öwrenýän alymlaryň biridir. Ol 2015-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Mary şäheriniň türki dilli döwletleriň medeni paýtagty diýlip ylgan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda guralan medeni çärelere hem gatnaşdy. Golaýda belli alym O.Sapaşew özüniň türkmen we gazak halklarynyň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklar barada gürrüň berýän makalasyny redaksiýamyza iberdi.

Sahna ussady saýlaýar

Türkmen medeniýetiniň umman ýaly giň dünýäsini, şirin aýdym-sazyny, joşgunly tansdyr gadymy adat-ynançlaryny, asylly-salykatly däp-dessurlaryny, çuň mazmunly edebi we çeper halk döredijiligini, döwrebap äheňli kinodyr teatr sungatynyň eserlerini birin-birin göz öňüne getirmek diýseň buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndan.

Bagşylar muzeýi

1992-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynda bagşylaryň muzeýi açyldy. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda bu muzeý Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýi diýlip atlandyryldy. Häzirki döwürde ol Türkmenistanda milli bagşyçylyk sungatymyza bagyşlanan ýeke-täk mirashana hasaplanylýar. Muzeýiň gaznasynda 1331-e golaý gymmatlyklar saklanylýar. Şolardan dutar, gyjak, gopuz, dilli tüýdük, gargy tüýdük, deprek, jürlewük ýaly 40-a golaý milli saz gurallarymyzyň nusgalary bar. Bagşyçylyk sungatymyza bagyşlanan mirashananyň ýagty otaglarynda milli aýdym-saz sungatymyzda yz goýan bagşy-sazandalaryň dürli ýyllarda düşürilen suratlary, ses ýazgylary, terjimehallary olaryň durmuşyna degişli örän seýrek duş gelýän gymmatlyklar saklanylýar.

Sähra gözeli

Sähranyň ak maraly,Mylakatly aýperi.Neneň indiň jahana,Saňa taý ýok, aýperi. Kuýaşmy sen,Kamarmy sen,Näz eýläp bendi-zar eden,Ýaňaklary enara deň,Bäri bak sen, aýperi.