Heýkeltaraşlaryň Kämil dünýäsi

9 Iýul 2021
1064

7-nji iýulda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu ýerde bäsleşige hödürlenen heýkelleriň sergisi guralyp, dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de bäsleşige göni wideoaragatnaşyk arkaly mynasyp orunlary eýelän daşary ýurtly heýkeltaraşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşige dünýäniň 11 döwletinden heýkeltaraşlaryň 89-sy gatnaşdy we bu bäsleşige işleriň 202-si hödürlendi. Oňa tejribeli ussat heýkeltaraşlar bilen bir hatarda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplara hem-de çeperçilik mekdeplerini tamamlan ýaşlara gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Bäsleşik tegelek hem-de güberçek göwrümli heýkel eseri (relýef) usullarynda geçirildi. Hödürlenen işler «Meniň Watanym», «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtyýar ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirilipdir. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, heýkel işleri gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç materiallarynda ýerine ýetirilip, olar 50 — 150 santimetr ölçegde kabul edildi. Sergilerde goýlan heýkelleri synlanyňda, olaryň ussatlygyna göz ýetirmek bolýar. Heýkeltaraşlaryň eserlerinde şekillendirilen mowzuklar milliligimizi, şöhratly taryhymyzyň geçen ýollaryny, parahatsöýüjilik ýörelgelerimizi şöhlelendirip, ynsanyň kalbynda täsirli duýgulary döredýär.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».