Bagtyýarlyk owazlary

14 Iýul 2021
975

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem zehinli çagalaryň, höwesjeň aýdymçylaryň arasynda yglan edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry Türkmenbaşy şäherinde şowhunly we täsirli geçdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň täze öwüşginlerine beslenen bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykardy. Açyk asmanyň astyndaky sahnada geçen bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirilişlerde saýlanyp alnan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy.

Medeniýeti we sungaty belent ruhuň goşa ganatyna deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalaryndan ruhlanan balkanly ýaş aýdymçylar bu gezek hem jogapkärli bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar tomaşaçylardyr talapkär emin agzalarynyň öňünde çykyş edip, döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Ata Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, dost-doganlygy, erkana söýgini wasp eden joşgunly aýdymlar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Andreý PAKULOW.