Heýkeltaraşyň üstünligi

13 Iýul 2021
1000

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan heýkeltaraşlaryň arasynda yglan edilen halkara bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatymyzyň Änew şäherinde ýerleşýän N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Patdyk Patdykow onda baş baýraga mynasyp boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu halkara bäsleşikde zehinli heýkeltaraşa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly eseri şeýle üstünligi gazanmaga şert döretdi.

Gürrüňi edilýän halkara bäsleşigi şu ýylyň fewral aýynda yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, heýkeltaraşlaryň gips, bürünç, palestr, alýumin, daş we agaç ýaly materiallardan ýerine ýetiren heýkel işleri oňa gatnaşdyryldy. Welaýatymyzdan Patdyk Patdykow «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserinden başga-da, «Sungat ägirtleri», «Enä hormat», «Halyçy gyzlar» diýen işlerini hem bäsleşige hödürledi. Onuň inçelik we ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sungat eserlerinde täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhy, buýsançly taryhymyz we milli ýol-ýörelgelerimiz öz beýanyny tapýar. Şeýle bolansoň, heýkeltaraşyň işleri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hünärmeni.