Akapella — sazlaşykly sesler

9 Iýul 2021
1117

Ynsan kalbyny heýjana getirip, ýürekleri joşdurýan sungatyň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan aýdym-saz senedi adam ömrüniň ýakyn hemrasydyr. Sebäbi aýdymdyr sazlar ynsanyň başyndan geçen ýatlamalaryny oýaryp, göwünlere ganat berýär. Şol aýdym-sazlaryň diňe ýekelikde däl, eýsem, iki, üç, dört we köpçülik bolup ýerine ýetirilýän görnüşlerine gabat gelýäris. Olaryň hersiniň hem özboluşly atlandyrylyşy bar. Meselem, iki bolup aýdym aýdylýan ýa-da saz çalynýan görnüşlerine duet, üç bolup ýerine ýetirilse trio, dört bolup ýerine ýetirilende kwartet diýilýär. Köplenç, aýdymlaryň saz bilen ýerine ýetirilýän görnüşlerini saz guralsyz aýdylýan aýdymlardan tapawutlandyryp bolmaýar. Muňa mysal hökmünde aýdym-saz sungatynyň sesleri sazlaşdyrýan akapella žanryny görkezmek bolar.

Akapella — aýdym-saz sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri. Aýdymlaryň akapella görnüşi dünýäniň iň kämil saz guraly hasaplanylýan ynsan sesinde, saz gurallary goşulmazdan ýerine ýetirilýär. Akapella aýdymlaryny diňleýän adama özboluşly sesleriň owaz sazlaşyklarynda saz gurallarynyň ýokdugy asla duýulmaýar. Bu bolsa toparyň düzümindäki aýdymçylaryň ýokary ussatlyk derejesini, kämilligini alamatlandyrýar. Akapellaçylaryň ähli ulanýan saz gurallary özleriniň tebigy sesleri bolup, aýdymynam, sazynam inçe-ýogynly, belentli-pesli seslere bölüp, ýerine ýetirýärler. Topar bolup ussatlyk bilen ýerine ýetirilen akapella aýdymyndaky sazlaşykly sesleri näçe ünsli diňleseň-de kimiň aýdymçy, kimiň sazandadygyny bilip bolmaýar.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, «Nesil».