Ynsan kalbynyň syrdaşy

8 Iýul 2021
1055

Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan döwletimizde güneşiň çogundan mähirlenip ýaşaýan halkymyz toýlaryny uludan tutup, bagşy-sazandalaryň şirin owazlaryny kalbynda hemişelik ýaşadýan halk. Türkmeniň haýsy birini alsaň-da medeni mirasymyzyň, halk senedimiziň inçe syrlaryndan baş çykaryp bilýändir. Sebäbi ene-mamalarymyzyň çaganyň dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, onuň beýnisine ýakymly hüwdüsini guýmagy ynsanyň aýdym-saza bolan ukybyny ýüze çykarypdyr. Türkmen zenanlary hüwdüler arkaly çagalary ukladypdyrlar, bardy-geldi çaga nähoşlan mahalynda-da, hüwdi bilen ony rahatlandyrypdyrlar.

Töründe dutar-gyjak ýaňlanan öý bagtly öý hasaplanypdyr. Türkmende eline saz guralyny alyp görmedik ýigit bolmandyr, kynçylykly pursatlarda hem dutar olaryň ýoldaşy bolupdyr. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» eseri muňa aýdyň mysaldyr.

Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.