Aýdym-sazly öýüň bikesi

9 Iýul 2021
1281

Aýdym- saz — durmuşymyzyň bezegi. Bu ajaýyp gudrata maýyl bolmaýan ynsan ýok. Ony janyndan eý görýän aýdymçy-sazandalar ýurdumyzda näçe diýseň bar. Olaryň arasynda tutuş maşgalasy bilen bu hünäre köňül baglan we şol ýol bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýanlaryň hem kändigi buýsandyryjydyr.

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň aýdymçysy Gözel Joraýewanyň maşgalasy hut şolaryň biri. Bu maşgala indi birnäçe ýyldan bäri ildeşlerimize özleriniň şirinden-şirin aýdym-sazlarydyr tanslaryndan düzülen konsertleri bilen şatlyk paýlaýar. Medeniýetiň, sungatyň kiçijik ojagy bolan bu maşgala Medeniýet hepdeligine hem toý sowgatly bardy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.