Bagşylar muzeýi

8 Iýul 2021
1047

1992-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynda bagşylaryň muzeýi açyldy. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda bu muzeý Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýi diýlip atlandyryldy. Häzirki döwürde ol Türkmenistanda milli bagşyçylyk sungatymyza bagyşlanan ýeke-täk mirashana hasaplanylýar.

Muzeýiň gaznasynda 1331-e golaý gymmatlyklar saklanylýar. Şolardan dutar, gyjak, gopuz, dilli tüýdük, gargy tüýdük, deprek, jürlewük ýaly 40-a golaý milli saz gurallarymyzyň nusgalary bar. Bagşyçylyk sungatymyza bagyşlanan mirashananyň ýagty otaglarynda milli aýdym-saz sungatymyzda yz goýan bagşy-sazandalaryň dürli ýyllarda düşürilen suratlary, ses ýazgylary, terjimehallary olaryň durmuşyna degişli örän seýrek duş gelýän gymmatlyklar saklanylýar.

Gözel SETDAROWA,
Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň baş gaznaçysy.