Däp-dessurymyz – asylly ýörelgämiz

15 Iýul 2021
1401

Türkmen halkynyň ýaş nesli özbaşdak zähmet çekmäge ugrukdyrmaga, olarda päk zähmete yhlas-söýgi döretmäge degişli öňden gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bar.

Şeýle däp-dessurlar türkmen obalarynda has hem ýörgünli bolýar. Olaryň biri: «Inji» sowgat bermek däbi. Ýedi-sekiz ýaşly oglana atasy, babasy, daýysy ýaly ýakyn adamlarynyň biri ýaňy otugan ýaş owlagy ýa-da guzyny getirip: «Şuny saňa inji berýärin. Muny bakyp-bejerseň, birgiden süri dowaryň bolar» diýip, sowgat-serpaý edýärdiler. Şonuň ýaly inji berlen owlakdan-guzudan bir süri geçi-goýun ýetişdiren ýaşlar hem bolupdy. Käte taý, köşek inji berýänler-de bolardy.

Hojanepes JUMAÝEW,
Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginiň Gülegenje obasynyň ýaşaýjysy, baýry mugallym.