Toý tutulmyş balkan ilinde

14 Iýul 2021
923

Täze taryhy eýýamda ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek örän wajypdyr. Täze ulag-üstaşyr ulgamlaryň geoykdysady kuwwaty örän uludyr. Ol özüne uly giňişligi birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, uly maýa goýum serişdeleri çekilýär. Bularyň ählisi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiňa esasy ugurlarynyň birine öwürmäge ýardam berýär.

«Ýedi ýoluň çatrygy» diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Häzirki zaman yklymara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde uly orun eýelän bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.

Ýörite habarçymyz.