Heýkeltaraşlaryň üstünligi

8 Iýul 2021
975

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly heýkeltaraşlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Dabara halypa heýkeltaraşlar, mugallymlar, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, göni wideoaragatnaşyk arkaly bäsleşige gatnaşan daşary ýurtly heýkeltaraşlar gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlary bilen bir hatarda bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň taýýarlan işleriniň 114-si, dünýä döwletleriniň 10-syndan — Hytaýdan, Koreýadan, Mongoliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýa Federasiýasyndan, Belarussiýadan, Özbegistandan, Ermenistandan, Moldowadan, Ukrainadan heýkeltaraşlar gatnaşdy. Ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň heýkeltaraşlarynyň parahatçylygy wasp edýän, şeýle-de watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän eserleri «Meniň Watanym», «Türkmenistan — parahatçylygyň Watany», «Bagtyýar durmuş», «Milli gahrymanlarymyz», «Taryhy şahsyýetler», «Zähmet», «Bagtyýar ýaşlyk», «Bagtly maşgala», «Medeni mirasymyz» ýaly temalar boýunça ýerine ýetirildi.

Ýörite habarçymyz.