Resmi habarlar gysga setirlerde
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasd