Bagtymyzyň gözbaşy

12 Aprel 2021
828

Gahryman Arkadagymyz özüniň jöwher paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy halkymyzyň durmuşynda möhüm çelgidir. XX asyryň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen türkmeniň azatlyk, bagtyýar durmuş hakyndaky asyrlarboýy eden arzuwlary hasyl boldy» diýip, çuňňur parasatlylyk bilen belleýär. Bu günki gün akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy» diýip arzuwlan Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwletiniň abraý-mertebesi barha belende galyp, ynsanperwerlik nuruny dünýä çaýýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna bedew batly ösüşlere eýe bolup, uly üstünlikler bilen dabaralara beslenip barýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem eziz Diýarymyzy şan-şöhrata besleýän ýyllaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän başlangyçlaryň bütin dünýäde giňden goldawa eýe bolýandygy hem aýdyň görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň umumadamzat ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.

Kakageldi ESENMYRADOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.