Gözelligiň dürdänesi

12 Aprel 2021
864

Aziýanyň merjen şäheri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyz Aşgabat milli hem-de häzirki zaman binagärlik keşbi, owadan, hoştap ysly ter gülleri, şabram şelpeli baglary bilen has meşhurdyr. Aşgabady synlamaga, gözel künjeklerine seýran etmäge ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän ildeşlerimiziň, jahankeşdeleriň bu ýerde döredilen gözellik dünýäsine bolan teşneligini duýanyňda, ak şäherimize bolan buýsanjyň has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli tagallalary bilen ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän, dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen Aşgabat sanlyja ýyllaryň dowamynda düýpgöter täze keşbe eýe bolmak bilen, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň röwşen ýoluny üstünlikli dabaralandyrýar.

Adam we onuň abadançylygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýýan hormatly Prezidentimiz: «Türkmen paýtagty belent derejeleriň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir» diýip, aýratyn belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň tutanýerli tagallalary netijesinde gysga wagtyň içinde paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi we ösdi.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».