«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

12 Aprel 2021
910

BEHIŞDI BEDEWLERIMIZIŇ WASPY

Türkmen halkynyň hemişelik buýsanjy bolup gelen bedewlerimiz durmuşymyzyň, toýdur baýramlarymyzyň bezegine, ruhy dünýämiziň gymmatly genjine öwrüldi. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda hiç wagt egsilmän, gaýtam täze belentliklere göterildi. Bedewe bolan söýgi türkmeniň ýüreginiň töründedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň sahypalary arkaly göz ýetirmek bolýar.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.