Parahatçylygyň buýsançly ýörelgesi

12 Aprel 2021
705

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň halkyň bähbidini goraýandygyny we eşretli günlere alyp barýandygyny her bir raýat duýup ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly ýurdumyz üçin ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyza parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde baha bermeginiň düýp sebäbini, ilki bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýeti, soňra bolsa, ýurtda kabul edilen kada-kanunlaryň berjaý edilýändigi, halkymyzyň jemgyýet bolup ýaşamagyň medeniýetini müňlerçe ýyl bäri saklap gelýändigi bilen düşündirip bolar. Diýmek, halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesi milli gymmatlyk hökmünde dünýäde kabul edilýär.