Bagtyýarlyk joşguny

12 Aprel 2021
896

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, beýik özgertmeler eýýamynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzda şu ýyl taryhy seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly joşgun bilen belleniler. Bu goşa baýramçylyk mynasybetli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap desgalar bolsa halkymyzyň baýramçylyk joşgunyny goşalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, parasatly başlangyçlary bilen merjen şäherimiz Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda soňky ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen medeni-durmuş maksatly desgalar, ýaşaýyş toplumlary, jemgyýetçilik binalary özüniň kämil görnüşi bilen dünýä ölçeglerine, ösen talaplara doly derejede laýyk gelýär. Häzirki wagtda şeýle desgalaryň ençemesiniň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň birnäçesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde ulanylmaga berler. Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap desga Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň aýdylmaz bölegi bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň döwrebap ýaşaýşynyň ýokary derejesini, beýik ösüşleri üpjün etmäge niýetlenendir.

Akmaral PAŞYKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.