Arkadaga alkyşnama

9 Aprel 2021
830

Berkarar döwletli gözel Watanmyz
Gün-günden gül açyp, geljege barýar.
Mährem Arkadagymyz eziz halkyna
Mähir-muhabbetli gujagyn gerýär.

Munda bagtyýardyr her gün, her raýat,
Işçi, daýhan, lukman... mahlasy, bary.
Bütin Ýer ýüzüniň halklary diýýär:
«Türkmenistan — bagtyýarlyk Diýary!».

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň meýletinçisi.