Göwher sen, gazal sen, gözel Aşgabat!

9 Aprel 2021
859

Islendik ýurduň paýtagty onuň halkynyň guwanç, buýsanç, hormat bilen garaýan ýeridir. Gelim- -gidimi köp bolansoň, baş şähe-riň amatlylygyna aýratyn üns berilýär. Amatlylyk bolsa, mälim bolşy ýaly, gurulýan dürli maksatly desgalaryň daşky keşbine, ýerleşiş tertibine, töweregiň abadançylygyna bagly bolýar. Mähriban şäherimiz Aşgabatda bir gezek bolup gören daşary ýurtly myhmanyň bu ýere ýene gelmek höwesi bilen dolanýandygyny ynamly aýtsa bolar. Sebäbi Aşgabadyň dünýäniň owadan, amatly şäherleriniň hatarynda öz mynasyp orny bar. Onuň özboluşly desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ak mermerli paýtagtyň düýpli özgerýändigine şaýatlyk edýär.

Ömrümiň bäş ýylynyň Aşgabatda geçendigi üçin men özümi bagtly saýýaryn. Şol bäş ýylyň içinde tanymal alymlardan tälim alypdyk, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Ata Atajanow, Mämmet Seýidow ýaly söz ussatlaryny görüpdik, meşhur suratkeşleriň çeken suratlarynyň sergisinde bolupdyk, Gurbannazar Ezizowyň ilkinji gezek sahna çykarylan «Nesiller poemasyna» hormatly mugallymymyz Begmyrat Ussaýewiň ýolbaşçylygynda tomaşa etmäge barypdyk, ýazyjylaryň bir gurultaýynda uniwersitetiň adyndan wekilçilik edipdik... Ýatlara zat kän. Her gezek bile okan aşgabatly oglan--gyzlarym jaň edenlerinde, ýatlamalar meni gözel şähere alyp gidýär...

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».