Eşretli zamananyň bagt wysaly

9 Aprel 2021
823

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça gülläp ösýän ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar şatlykly hem bagtly pursatlar bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy bezäp-besleýär. Nesibe baýlygyna gol beren halkymyzyň altyn ykbalyna bagt paýyny eçilen Garaşsyzlygyň hil taýdan täze tapgyrynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan beýik ýeňişler, uly üstünlikler döwleti dolandyrmagyň milli däplerini, halkara tejribelerini sazlaşykly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň doly durmuşa geçirilýändiginiň nusgalyk mysallarydyr.

Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Garaşsyzlygyň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler bolsa, milli Liderimiziň belent mertebeli ady bilen baglanyşyklydyr.

Yhlas NAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.