Gözelligiň göwheri

12 Aprel 2021
887

Baky Bitarap Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barýan günlerimizde merjen şäherimiziň toý ruhuna beslenen ajaýyp keşbine nazar aýlamak has-da ýakymly. Bir-birinden belent we owadan ymaratlaryň hatary, aýna ýaly şaýollar, ýaşyl begresli seýilgähler, suw çüwdürimleri hem-de beýleki nurana desgalar özboluşly sazlaşygy emele getirip, Aşgabadyň toý bezegleri bilen utgaşýar. Bu bolsa, diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda däl, ak mermerli şäherimiziň myhmanlarynda hem ruhy göteriliş alamatyny döredýär.

Biz — kitaphana işgärleri şu taryhy günlerde okyjylaryň arasynda Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baý many-mazmunly çäreleri guraýarys. Şeýle çäreleriň barşynda okyjylary Aşgabadyň taryhyna degişli gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrýarys, Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzyň özgeren keşbi baradaky anyk mysallar arkaly gürrüň berýäris, görnükli şahyrlarymyzyň Aşgabat hakda ýazan şygyrlary dogrusynda söhbet açýarys. Döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryň ak mermerli şäherimiz barada ýazan goşgularyny labyzly okamagy şeýle çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Maral YHLASOWA,
Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri.