Ýaşyl ýaz deý ýaraşykly

12 Aprel 2021
875

Zemin gözelliginiň parçasy, türkmen halkynyň göz guwanjy hem buýsanjy, Aşgabat! Seniň beslenen bu günki lybasyňy diýsene?! Köňülleri duýgulandyrýan, gözleri gamaşdyrýan, hemişeki ajaýyp keşbiňe bu lybasyň has-da ýaraşypdyr. Türkmeniň ak baharyny janlandyrýan lowurdyly jemalyňdan taryhyň mukaddes owazy mylaýymlyk bilen bagtyýar şu günümize ses goşýar. Aşyk köňülleriň mukamy, mähir-muhabbetden doly ol owaz seniň taryhyň ýaňy bolup gursaga dolýar. Çünki sen esaslandyrylan günüňden beýläk «aşyklaryň şäheri» adyna mynasyp bolduň. Bagtyýar ilimiň söýgüsi, hormatly Prezidentimiziň yhlasy bilen mertebeli waspyň gün-günden dünýä dolýar, eziz paýtagtym! Häzirki döwrümizde-de sen gözelligiň, mähribanlygyň, yşkyň şäheri bolup, älem- jahany haýrana goýýarsyň. Milletimiziň ykbalyny nurlandyryp duran bu günki lowurdyly jemalyň hemme ýerde, her ädimde ýakymly söhbetdeşligiň, gyzykly gürrüňdeşligiň başlangyjyna öwrülýär. Diňledigiňçe diňläsiň gelýän ol söhbetler, mähriban paýtagtym, seniň 140 ýyllyk şanly toýuň baradaky tolgundyryjy täsirlerden püre-pür...

Ata-babalarymyzyň yhlasy siňip, köki ýagşylyk çeşmesinden gandyrylan paýtagtymyz baradaky gürrüňi ak Aşgabadymyzyň arassa hem tämiz, mydama gül-pürçege, bagy-bossanlyga beslenip oturmagy üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän işçi-hünärmenlerden eşitmek has-da ýakymly. Olar şäherimiziň her bir daban ýerine yhlas-derini, söýgüsini siňdirýärler, gadymy hem juwan paýtagtymyzyň zynatly görküne gözellik goşýarlar. Ilkinji söhbetdeşimiz Aşgabat şäher häkimliginiň arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Kümüş Nazarowa:

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».