"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Täze üstünlikleriň ýolunda

Bu gün bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokary derejede peýdalanmaga gönükdirilen ýaşlar we sport syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Biz hem bu işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak üçin yhlasly zähmet çekýäris. Ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleri taýýarlap ýetişdirmek biziň öňümizde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýan okuw-türgenleşikleri ýaşlaryň saýlap alan sport görnüşlerinden kämilleşmeklerine şert döredýär. Karatedo boýunça Zakirbek Ýuldaşow, dzýudo boýunça Wladimir Widýasow, Näzikjemal Sopyýewa, boks boýunça Azat Yklymow, kikboks boýunça Salyh Mamekow ýaly tejribeli tälimçilerimiz şägirtleri bilen yzygiderlid türgenleşik geçýärler.

Çekeleşikli geçen ýaryşlar

64 öýjükli şaşka boýunça 10, 14, 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa oglan-gyzlaryň 70-si gatnaşdy. Netijede, 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Alekseý Makarow, gyzlaryň arasynda Maral Ýusubowa öňdäki orunlary eýelediler. 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Ahmet Köşüliýew, gyzlaryň arasynda Oguljennet Öweznepesowa ýeňiji bolmagy başardy. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Dawut Köşüliýew tapawutlandy. Şol ýaşda gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Aksoltan Hemraýewa birinji orny eýeledi.

Taryhda şu gün

2007-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda «Uly tuwulga» bäsleşikleriniň hataryna girýän Awstraliýanyň Açyk çempionatynda zenan tennisçileriň arasynda final duşuşygy geçirilip, onda ABŞ-ly Serena Wilýams bilen russiýaly tennis ussady Mariýa Şarapowa duşuşdylar. Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň taryhyndaky iň çalt tamamlanan final duşuşygynda 6:1, 6:2 hasabynda ABŞ-ly tennisçi ýeňiş gazandy.

Şaşka ýaryşy geçirildi

Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda 41-nji orta mekdepde şaşka ýaryşy geçirildi. Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. Ýaryşda birinji orny 23-nji orta mekdebiň, ikinji orny 41-nji orta mekdebiň, üçünji orny 33-nji orta mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

96-njy Os­kar baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di

Ki­no sun­ga­ty­nyň iň uly baý­ra­gy ha­sap­lan­ýan Os­ka­ryň, has ta­ky­gy, Aka­de­mi­ýa baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Iň köp da­laş­gär­lik ga­za­nan film ýy­lyň en­çe­me baý­ragyny çöp­län «Op­pen­haý­mer» kinosy bol­dy. Film 13 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Kris­to­fer No­la­nyň bu fil­mi Aka­de­mi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da azyn­dan 13 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­len 14-nji ki­no hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Gre­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ýor­gos Lan­ti­mo­syň «Gör­gü­li bet­bagt­lar» fil­mi 11, Mar­tin Skor­se­ze­niň «Do­lan Aý gan­hor­la­ry» ki­no­sy-da 10 ugur bo­ýun­ça Os­ka­ryň heý­kel­jik­le­ri­ne hy­ry­dar gör­ke­zil­di. 1,5 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­za­nan «Bar­bi» fil­mi­niň 8, «Maest­ro» fil­mi­niň 7 da­laş­gär­li­gi bar. Kom­po­zi­tor Jon Wil­liams 54-nji ge­zek da­laş­gär gör­ke­zi­lip, ol bu ugur­da Wolt Dis­neý­den soň iň köp da­laş­gär­li­gi bo­lan, şol san­da 91 ýa­ş bilen Os­ka­ra da­laş­gär gör­ke­zi­len iň ýa­şu­ly şah­sy­ýet­dir.

Liga Kubogynyň fi­naly: «Çel­si» – «Li­wer­pul»

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­na­lyň jo­gap du­şu­şyk­la­ryn­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da «Middlsb­ro» to­pa­ry­ny 6–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 1-nji du­şu­şyk­da 1–0 ha­sa­byn­da utu­lan «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny How­son (15 ö.d.), Fer­nan­des (29), Di­sa­si (36), Pal­mer (42, 77) hem-de Ma­due­ke (81) ge­çir­di. Ku­bo­gy 5 ge­zek eýe­län «Çel­si» 10-njy ge­zek fi­na­la çyk­dy. «Çel­si­niň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Li­wer­pul» bo­lup, Klop­puň şä­girt­le­ri myh­man­çy­lyk­da «Ful­ham» bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­na­dy. 11-nji mi­nut­da Lu­iz Dia­zyň go­lu­na ýer eýe­le­ri 76-njy mi­nut­da Dio­pyň go­ly bi­len jo­gap ber­di. 1-nji du­şu­şyk­da «Li­wer­pul» 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di. «Li­wer­pul» bu ku­bo­gy 9 ge­zek eýe­läp, olar 14-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy.

16 ýyldan soň «Bawariýany» ýeňdi

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­ýer» myh­man­çy­lyk­da «Le­ip­sig» bi­len du­şu­şyp, güýç­li gar­şy­da­şy­ny soň­ky mi­nut­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Le­ip­si­giň» gol­la­ry­ny Si­mons (7) bi­len Open­da (56), «Ba­ýe­riň» gol­la­ry­ny bol­sa Tel­la (47), Ta (63) hem-de In­ka­pie (90+1) ge­çir­di. «Ba­ýer» äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da 27 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýär we bu ugur­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» re­kor­dy­na go­laý­lap bar­ýar (32 du­şu­şyk). Çem­pi­on «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­der» bi­len du­şu­şdy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Wer­der» Mit­çell Waý­ze­riň 59-njy mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry 16 ýyl­dan soň «Wer­der­den» utul­dy. Soň­ky ge­zek «Wer­der­den» 2008-nji ýyl­da utu­lan «Ba­wa­ri­ýa» şon­dan bä­ri 28 oý­nuň 24-sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. Dort­mun­dyň «Bo­rus­si­ýa­sy» bol­sa Ma­le­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da myh­man­çy­lyk­da «Köl­ni» 4–0 ha­sa­byn­da utup, bas­syr 2-nji du­şu­şy­gyn­da üs­tün çyk­dy.

«Re­al Mad­ri­diň» 1000-nji ýeň­şi we VAR

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» 21-nji tap­gy­ryň çä­gin­de «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan we şu möw­süm­de ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Al­me­ri­ýa­ny» ka­bul et­di. Dart­gyn­ly we je­del­li pur­sat­la­ra baý bo­lan du­şu­şy­gyň eý­ýäm 1-nji mi­nu­tyn­da «Al­me­ri­ýa» Ra­ma­za­ni­niň go­ly bi­len öňe geç­di. Myh­man­lar 43-nji mi­nut­da Ed­gar Gon­za­le­siň owa­dan go­ly bi­len ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­ma 3 oýun­çy çal­şy­gy bi­len baş­lan «Re­al Mad­ri­diň» ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da VAR uly rol oý­na­dy. 57-nji mi­nut­da VAR-yň gör­kez­me­si bi­len eminiň «Rea­lyň» peý­da­sy­na bel­län pe­nal­ti­si­ni Bel­lin­gam dürs urup, 1 aý­dan soň gol ge­çir­me­gi ba­şar­dy. 61-nji mi­nut­da «Al­me­ri­ýa» to­pa­ry ýe­ne bir gol ge­çir­di. Ýö­ne VAR-yň gör­kez­me­si bi­len bu go­luň baş­lan­gy­jyn­da oý­nuň düz­gü­ni bo­zu­lan­dy­gy üçin ol ha­sa­ba alyn­ma­dy. 67-nji mi­nut­da Wi­ni­si­us Ju­nio­ryň «eli/eg­ni» bi­len ge­çi­ren go­lu­ny emin il­ki ha­sap et­me­se-de, VAR-da ge­çi­ri­len sel­jer­me­den soň gol ha­sa­ba alyn­dy we ha­sap deň­len­di. D

46-njy Dakar Rallisi tamamlandy

Dün­ýä­niň iň kyn ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Da­kar Ral­li bäs­le­şi­gi ta­mam­lan­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da bas­syr 5-nji, umu­my­lyk­da-da 46-njy ge­zek ge­çi­ri­len Da­kar Ral­li ýa­ry­şyn­da ýe­ňil ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri­niň ara­syn­da is­pa­ni­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Kar­los Saýns ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň adyn­dan «Audi» ky­sym­ly ulag bi­len bäs­le­şen tej­ri­be­li sü­rü­ji pel­le­ha­na 48 sa­gat 15 mi­nut 18 se­kunt­da gel­me­gi ba­şar­dy. Bu onuň 2010-njy, 2018-nji we 2020-nji ýyl­lar­dan soň 4-nji çem­pi­on­ly­gy bol­dy. Kar­los Saýns ýe­ke tap­gyr­da-da ýe­ňi­ji bol­man, ol 6-njy tap­gyr­dan soň umu­my sa­naw­da­ky bi­rin­ji­li­gi­ni ýa­ry­şyň so­ňu­na çen­li sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu gör­nüş­de «Red Bull» to­pa­ry­nyň baş­ga bir sü­rü­ji­si, «Toyo­ta» ula­gy bi­len ýa­ry­şa gat­na­şan bel­gi­ýa­ly Gi­ýom de Me­wi­us 2-nji ýe­ri eýe­le­di (49:35:43). Ýe­ňi­ji­den 1 sa­gat 29 mi­nut 12 se­kunt yza ga­lan fran­si­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Se­bas­ti­an Lýob «Prod­rive» ky­sym­ly ula­gy bi­len 3-nji or­na my­na­syp bol­dy.

Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny ýe­ne-de «In­ter» ga­zan­dy

Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «In­ter» bi­len «Na­po­li» to­par­la­ry du­şuş­dy­lar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­dä­ki KSU sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da «In­ter» bi­len «Na­po­li» to­par­la­ry du­şu­şyp, Mi­lan şä­he­ri­niň we­ki­li 1-0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 1-nji ýa­ry­my gol­suz ta­mam­la­nan du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­myn­da «Na­po­li» meý­dan­ça­da 1 oýun­çy kem gal­dy. 55-nji we 60-njy mi­nut­lar­da sa­ry kart alan Jo­wan­ni Si­meo­ne oýun­dan çy­ka­ryl­dy. Tu­ruw­baş­dan go­rag tak­ti­ka­sy­ny saý­lan «Na­po­li­niň» bö­we­di­ni bö­wüs­mek «in­ter­li­le­re» 90-njy mi­nut­dan soň ba­şart­dy. 90+1-nji mi­nut­da Lau­ta­ro­ Mar­ti­ne­siň ge­çi­ren go­ly esa­syn­da «In­ter» bas­syr 3-nji, umu­my­lyk­da-da 8-nji ge­zek Ita­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. «In­ter» bu ugur­da «Mi­lan­dan» (7) öňe ge­çip, «Ýu­wen­tus­dan» (9) soň 2-nji orun­da bar­ýar. Bu ýe­ňiş «In­te­riň» tä­lim­çi­si Si­mo­ne In­za­gi­niň tä­lim­çi­lik­dä­ki 5-nji Su­per Ku­bo­gy­dyr. Ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­lyn­da «Na­po­li» «Fio­ren­ti­na­ny» (Si­meo­ne 22,

Çempion ýer eýeleri bilen duşuşar

Kot-d’Iwuar­da do­wam ed­ýän 34-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gyn­da 1/8 fi­na­la çy­kan to­par­la­r bel­li bol­dy. «A» to­par­ça­da Ek­wa­tor Gwi­ne­ýa­sy bi­len Ni­ge­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 7 utuk top­lap, 1–2-nji or­ny eýe­le­di­ler. Soň­ky 2 du­şu­şy­gyn­da il­ki 1–0, soň­ra 4–0 ha­sap­lar bi­len utu­lan ýer eýe­le­ri Kot-d’Iwua­ryň ýy­gyn­dy­sy 3-nji or­ny eýe­län­le­riň ara­syn­da iň go­wy 4 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.

3 ýygyndy ilkinji gezek 1/8 finala çykdy

Ka­tar­da do­wam ed­ýän 18-nji Azi­ýa Ku­bo­gyn­da Tä­ji­gis­ta­nyň, Pa­les­ti­na­nyň, Si­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry il­kin­ji ge­zek 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. «A» to­par­ça­da­ky 3-nji du­şu­şyk­lar­da Ka­tar Hy­ta­ýy Al-Haý­do­syň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­di. Tä­ji­gis­tan bol­sa gar­şy­da­şy­nyň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, oý­nuň 2-nji ýa­ry­my­ny 1 oýun­çy kem oý­nan Li­wa­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu ne­ti­je­ler­den soň, Ka­tar 10 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýän çem­pio­na­tyn­da 9 utuk bi­len 1-nji or­ny eýe­le­di. Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da 1/8 fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ka­tar 9, Tä­ji­gis­tan 4, Hy­taý 2, Li­wan 1 utuk top­la­dy.

Agyr atletikaçylarymyz Gazagystanda türgenleşikde

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gazagystanyň Şymkent şäherinde Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, türkmen agyr atletikaçylary Pariž olimpiadasynyň saýlama tapgyryna girýän ýaryşlaryň birnäçesine geçen ýylda hem gatnaşdylar. Türgenlerimiziň käbiri bolsa bu oýunlarda çykyş etmäge has ýakyn geldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda agyr atletika ýurdumyzda iň okgunly ösdürilýän sport görnüşleriniň birine öwrüldi. Hatda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly hem sportuň şu görnüşi boýunça gazanyldy. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewanyň gazanan kümüş medaly dünýäniň sport jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa Ýulduz Jumabaýewanyň hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykandygyny ýatladýarys. Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşlaryň agramly böleginde hem medallara mynasyp bolýarlar. Munuň özi olaryň Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini has-da artdyrýar.

Tennis: türgenlerimiziň Omandaky üstünligi

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi we Günbatar Aziýadan yklym çempionatyna wekilçilik etmäge ýollanma aldy. Bu hukuk ýakynda Omanyň Maskat şäherinde geçirilen sebitleýin ýaryşda gazanylan üstünlikden soň berildi. Ýeri gelende bellesek, türkmen türgenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ilkinji halkara üstünligini hut şu ýaryşda gazandy. Ýurdumyzyň çempiony Ilima Guseýnowa iki tapgyrdan ybarat bolan Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyryny altyn medal bilen jemlemegi başardy.

Açyk çempionatdan goşa medal

Türkmen türgenleri karateniň kýokşunkaý görnüşi boýunça Aziýanyň açyk çempionatyndan goşa medal bilen dolanyp geldiler. Halkara ýaryş ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirildi. Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Ýaponiýada dörän başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň medal gaznasyna altyn medallaryň ikisi goşuldy. Olary 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen 90 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Myrat Ekäýew gazandy.

Sport täzelikleri

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň  arasynda  woleýbol  boýunça welaýatyň göçme Kubogyny eýelemek ugrunda  ýaryş geçirildi. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda welaýat Polisiýa müdirliginiň topary ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy we göçme Kubogyň eýesi boldy. Welaýat prokuraturasynyň topary ikinji orny eýeledi.   Ýaryşda öňdäki orunlary eýelän toparlara welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy                                                         ***Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň we şäheriň ýaşaýjylarynyň  gatnaşmaklarynda geçirilen küşt ýaryşy gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryş

Ýaş woleýbolçylar bäsleşdiler

Ýakynda Akdepe etrabyndaky 6-njy sport mekdebinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça 2008-2009-njy ýyllarda doglan türgen toparlaryň arasynda mekdebiň açyk birinjiligi ugrunda ýaryş guraldy. Bu ýaryşa etrabyň 3-nji, 5-nji, 6-njy, 7-nji sport mekdeplerinden jemi 6 türgen toparlary gatnaşdylar. Her bir geçirilen oýun örän dartgynly we çekeleşikli boldy. Ýaryş ýaş woleýbolçy türgenleriň öz ussatlyklaryny barha artdyrýandyklarynyň şaýady boldy.

«Ak pilde» altyn medal

Geçen aýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Rokirowka — 2023 Masters» küşt festiwalyna gatnaşyp, 24 ýaşynda halkara derejeli grossmeýsterligiň ähli talaplaryny ödäp, gerekli bolan utugy toplamagy başaran (2500 utuk) aşgabatly küştçi Saparmyrat Atabaýew özüniň üstünlikleriniň hataryna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda ýene-de birini goşdy. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen «Ak pil» atly halkara ýaryşa gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Bassyr 33-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa dünýäniň çar künjünden güýçli küştçüleriň 27-si gatnaşdy. Ýaryşda S.Atabaýew olaryň 7-si bilen bäsleşip, mümkin bolan 7 utukdan 6,5 utuk gazanmagy başardy. Bu netije türkmenistanly küştçiniň 6 bäsdeşinden üstün çykyp, diňe biri bilen deňme-deň oýnandygyny görkezýär. Şunda onuň çempionlygyň esasy dalaşgäri hökmünde görkezilen türkiýeli küştçi Tarhan Adardan hem üstün çykandygyny nygtamak gerek.

Ezber türgen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Netijede bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň sany barha artýar. Welaýatymyzda döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlaryň sany barmak büküp sanardan kän. Köýtendag etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bahram Haýdarow hem şolaryň biri. Ol 2015-nji ýyldan bäri okuwdan boş wagtlary Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Anwarjan Kurbanowyň elinde sportuň adaty karate, taýboks we uşu (MMA) görnüşleri boýunça türgenleşýär. Ol 2016—2020-nji ýyllarda taýboks, uşu we adaty karateniň kumite görnüşi boýunça ýurt derejesinde geçirilýän ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp geldi.

Bedenterbiýe, hereket we sport barada

Bedenterbiýe adamyň öz saglygyny berkitmäge we fiziki başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen işidir. *  *  *