Germaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Baýer» myhmançylykda «Leipsig» bilen duşuşyp, güýçli garşydaşyny soňky minutda ýeňmegi başardy. Çekeleşikli geçen oýunda «Leipsigiň» gollaryny Simons (7) bilen Openda (56), «Baýeriň» gollaryny bolsa Tella (47), Ta (63) hem-de Inkapie (90+1) geçirdi. «Baýer» ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 27 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we bu ugurda «Bawariýanyň» rekordyna golaýlap barýar (32 duşuşyk). Çempion «Bawariýa» öz meýdançasynda «Werder» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Werder» Mitçell Waýzeriň 59-njy minutdaky goly esasynda 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. «Bawariýa» topary 16 ýyldan soň «Werderden» utuldy. Soňky gezek «Werderden» 2008-nji ýylda utulan «Bawariýa» şondan bäri 28 oýnuň 24-sinde ýeňiş gazandy. Dortmundyň «Borussiýasy» bolsa Maleniň 2 gol geçiren oýnunda myhmançylykda «Kölni» 4–0 hasabynda utup, bassyr 2-nji duşuşygynda üstün çykdy.