Angliýanyň Liga Kubogynyň finalyna çykan toparlar belli boldy. Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynda «Çelsi» öz meýdançasynda «Middlsbro» toparyny 6–1 hasabynda ýeňdi. 1-nji duşuşykda 1–0 hasabynda utulan «Çelsiniň» gollaryny Howson (15 ö.d.), Fernandes (29), Disasi (36), Palmer (42, 77) hem-de Madueke (81) geçirdi. Kubogy 5 gezek eýelän «Çelsi» 10-njy gezek finala çykdy.
«Çelsiniň» finaldaky garşydaşy «Liwerpul» bolup, Kloppuň şägirtleri myhmançylykda «Fulham» bilen 1–1 hasabynda deňme-deň oýnady. 11-nji minutda Luiz Diazyň goluna ýer eýeleri 76-njy minutda Diopyň goly bilen jogap berdi. 1-nji duşuşykda «Liwerpul» 2–1 hasabynda ýeňipdi. «Liwerpul» bu kubogy 9 gezek eýeläp, olar 14-nji gezek finala çykmagy başardy.