«Ak pilde» altyn medal

24 Ýanwar 2024
324

Geçen aýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «Rokirowka — 2023 Masters» küşt festiwalyna gatnaşyp, 24 ýaşynda halkara derejeli grossmeýsterligiň ähli talaplaryny ödäp, gerekli bolan utugy toplamagy başaran (2500 utuk) aşgabatly küştçi Saparmyrat Atabaýew özüniň üstünlikleriniň hataryna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda ýene-de birini goşdy. Ol ýakynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen «Ak pil» atly halkara ýaryşa gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy.

Bassyr 33-nji gezek geçirilen halkara ýaryşa dünýäniň çar künjünden güýçli küştçüleriň 27-si gatnaşdy. Ýaryşda S.Atabaýew olaryň 7-si bilen bäsleşip, mümkin bolan 7 utukdan 6,5 utuk gazanmagy başardy. Bu netije türkmenistanly küştçiniň 6 bäsdeşinden üstün çykyp, diňe biri bilen deňme-deň oýnandygyny görkezýär. Şunda onuň çempionlygyň esasy dalaşgäri hökmünde görkezilen türkiýeli küştçi Tarhan Adardan hem üstün çykandygyny nygtamak gerek.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar