Italiýanyň Super Kubogy ýaryşynyň finalynda «Inter» bilen «Napoli» toparlary duşuşdylar. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherindäki KSU stadionynda geçirilen finalda «Inter» bilen «Napoli» toparlary duşuşyp, Milan şäheriniň wekili 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymy golsuz tamamlanan duşuşygyň 2-nji ýarymynda «Napoli» meýdançada 1 oýunçy kem galdy. 55-nji we 60-njy minutlarda sary kart alan Jowanni Simeone oýundan çykaryldy. Turuwbaşdan gorag taktikasyny saýlan «Napoliniň» böwedini böwüsmek «interlilere» 90-njy minutdan soň başartdy. 90+1-nji minutda Lautaro Martinesiň geçiren goly esasynda «Inter» bassyr 3-nji, umumylykda-da 8-nji gezek Italiýanyň Super Kubogyny gazandy. «Inter» bu ugurda «Milandan» (7) öňe geçip, «Ýuwentusdan» (9) soň 2-nji orunda barýar. Bu ýeňiş «Interiň» tälimçisi Simone Inzaginiň tälimçilikdäki 5-nji Super Kubogydyr.
Ýaryşyň ýarym finalynda «Napoli» «Fiorentinany» (Simeone 22, Zerbin 84, 86), «Inter» bolsa «Lasiony» (Turam 17, Çalhanoglu 50 p, Frattesi 87) 3–0 hasabynda ýeňipdi.