Ispaniýanyň çempionaty «La Ligada» 21-nji tapgyryň çäginde «Real Madrid» öz meýdançasynda iň aşaky orunda barýan we şu möwsümde ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik «Almeriýany» kabul etdi. Dartgynly we jedelli pursatlara baý bolan duşuşygyň eýýäm 1-nji minutynda «Almeriýa» Ramazaniniň goly bilen öňe geçdi. Myhmanlar 43-nji minutda Edgar Gonzalesiň owadan goly bilen hasaby 2–0-a çykardy. 2-nji ýaryma 3 oýunçy çalşygy bilen başlan «Real Madridiň» ýeňiş gazanmagynda VAR uly rol oýnady. 57-nji minutda VAR-yň görkezmesi bilen eminiň «Realyň» peýdasyna bellän penaltisini Bellingam dürs urup, 1 aýdan soň gol geçirmegi başardy. 61-nji minutda «Almeriýa» topary ýene bir gol geçirdi. Ýöne VAR-yň görkezmesi bilen bu goluň başlangyjynda oýnuň düzgüni bozulandygy üçin ol hasaba alynmady. 67-nji minutda Winisius Junioryň «eli/egni» bilen geçiren goluny emin ilki hasap etmese-de, VAR-da geçirilen seljermeden soň gol hasaba alyndy we hasap deňlendi. Duşuşyga 11 minut goşulyp, 90+9-njy minutda Daniel Karwahal Bellingamyň pasyndan soň topy derwezä girizip, «Reala» ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, «Real Madrid» kynlyk bilenem bolsa «Almeriýany» 3–2 hasabynda ýeňip, çempionatda 14 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. «Real Madrid» topary «La Liganyň» taryhynda öz meýdançasynda garşydaşlarynyň 1-nji ýarymda 2–0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 4-nji gezek ýeňiş gazanmagy başardy. Madridliler mundan öň 1943-nji, 1981-nji hem-de 2007-nji ýyllarda 1-nji ýarymda 2–0 utulyp barýarka ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de, «Real Madrid» topary «La Liganyň» taryhynda öz meýdançasyndaky 1000-nji ýeňşini gazanan ilkinji topar boldy. «Real Madrid» «Santiago Bernabeudaky» 1000-nji ýeňşine 1297-nji duşuşygynda ýetdi. «Walensiýanyň» «Mestalýede» 906 (1455 oýunda), «Barselonanyň» «Kamp Nouda» 889 ýeňşi (1175 oýunda) bar.
Sanawyň lideri «Žirona» topary öz meýdançasynda «Sewilýany» kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda myhmanlar ilkinji bolup hasaby açsalaram, olar uly hasap bilen utuldy. 6 minutda 3 gezek tapawutlanan Dowbygyň, şol sanda Sygankowyň hem-de Stuaniniň gollary bilen 5–1 hasabynda ýeňiş gazanan «Žironanyň» liderligi dowam edýär.