Kino sungatynyň iň uly baýragy hasaplanýan Oskaryň, has takygy, Akademiýa baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Iň köp dalaşgärlik gazanan film ýylyň ençeme baýragyny çöplän «Oppenhaýmer» kinosy boldy. Film 13 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlendi. Kristofer Nolanyň bu filmi Akademiýanyň taryhynda azyndan 13 ugurdan dalaşgär görkezilen 14-nji kino hökmünde hasaba alyndy. Gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň «Görgüli betbagtlar» filmi 11, Martin Skorsezeniň «Dolan Aý ganhorlary» kinosy-da 10 ugur boýunça Oskaryň heýkeljiklerine hyrydar görkezildi. 1,5 milliard dollara golaý girdeji gazanan «Barbi» filminiň 8, «Maestro» filminiň 7 dalaşgärligi bar.
Kompozitor Jon Williams 54-nji gezek dalaşgär görkezilip, ol bu ugurda Wolt Disneýden soň iň köp dalaşgärligi bolan, şol sanda 91 ýaş bilen Oskara dalaşgär görkezilen iň ýaşuly şahsyýetdir.