Katarda dowam edýän 18-nji Aziýa Kubogynda Täjigistanyň, Palestinanyň, Siriýanyň ýygyndylary ilkinji gezek 1/8 finala çykmagy başardy.
«A» toparçadaky 3-nji duşuşyklarda Katar Hytaýy Al-Haýdosyň ýeke-täk goly bilen ýeňdi. Täjigistan bolsa garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, oýnuň 2-nji ýarymyny 1 oýunçy kem oýnan Liwany 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu netijelerden soň, Katar 10 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýän çempionatynda 9 utuk bilen 1-nji orny eýeledi. Täjigistanyň ýygyndysy bolsa ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda 1/8 finala çykmagy başardy. Katar 9, Täjigistan 4, Hytaý 2, Liwan 1 utuk toplady.