''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Sungat äleminde

Amanat gursakly halypa Hojageldiniň atasyna Batyr Gurt diýipdirler. Batyr Gurt kolhoz gurluşygy döwründe öňe çykan adamlaryň biri. Goja şahyrymyz Ata Täzebaýyň “Goja başlyklar” atly meşhur şygrynyň gahrymany kimin ýowuz ýyllarda halkynyň gerdenine düşen ýüki deň çekişen Batyr Gurdy obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar.

Sungatym bar — hormatym bar

Yhlas ýerine düşýär Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda iňňän uly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bilşimiz ýaly, şeýle tagallalarda aýdym-saz sungatyny ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda aýdym-saza höwesek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatynda döredijilikli ukyplaryny has-da kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işler giň gerime eýe bolýar. Şu meseläniň bähbitli çözgüdinde çagalar sungat mekdeplerine uly orun degişli bolup durýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – milli terbiýäniň nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ahlak terbiýesine, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ata-ene, mugallym we terbiýeçi üçin gymmatly bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň çeperçilik derejesi, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, ynsanperwer ideýalary bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, türkmen edebiýatynda şahyrana mekdep döretdi. Söz sungatynyň beýik ussady durmuşda, halkyň, adamlaryň ýaşaýşynda ýüze çykýan meselelere aýratyn ähmiýet beripdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzy ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe sary alyp barýarlar. Ösüşli menzillerde bolsa dünýä döwletleriniň kämil tejribesine hem-de milli gymmatlyklarymyza daýanylýar. Türkmen halky Magtymguly Pyragy bilen dünýä meşhurdyr. Pyragy beýik şahyr hem dana akyldar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan şygryýet dünýäsi

“...Saza goşsaň, uz bolar”

Mary welaýatynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen dutarçy bagşylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Welaýat halk döredijilik merkeziniň guramagynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen bu bäsleşige höwesjeň dutarçy bagşylaryň uly topary gatnaşdy. Olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekden, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekden, ýaş nesilleriň kalbynda beýik söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekden, akyldar şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekden ybaratdyr.

Änew — dünýä medeniýetiniň sallançak ojagy

Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda, Täze ýylyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmeginiň resmi derejesini alamatlandyrýan nyşanyň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinden Änew şäherine getirilmegi we şu mynasybetli joşguna beslenen dabaranyň geçirilmegi medeni çäreleriň başlangyjy boldy. Üstümizdäki şanly ýylyň dowamynda bu gadymy şäherde geçiriljek medeni, ylmy hem-de wagyz-nesihat çäreleri, şeýle-de Änew şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň umumadamzat medeniýetindäki ähmiýeti barada gürrüň etmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Söhbedimizi Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler dogrusynda başlaýaly.

Bagşylaryň bäsleşigi

Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeginden bagşylardyr sazandalar gatnaşyp, olar öz ussatlyklaryny aýan etdiler. Bäsleşige gatnaşan bagşylar milliligimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada oturyp, Magtymguly atamyzyň goşgularyna düzülen halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýörite düzülen eminler toparynyň agzalary bagşylaryň aýdym aýdyşyna, sesiniň saz bilen utgaşyşyna, gerek bolan tonda aýdyp bilşine baha berip, ýeňijileri saýladylar. Netijede Mary şäher bagşylar öýüniň bagşysy Rüstem Onbegiýew Magtymguly Pyragynyň “Biwepalardan” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 1-nji orna, Ýolöten etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Allamyrat Gurbanow Magtymguly Pyragynyň “Aýryldym” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 2-nji orna, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Ogulkeýik Esenowa Magtymguly Pyragynyň “Bolar sen” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan bagşylara welaýat medeniýet müdirliginiň Horma

Milli mirasymyza sarpa

Eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmegi we halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyza aýratyn üns berilýär. Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Halypamyň pendi

Wepa Nurmuhammedow Bir gezek Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow: «Adamkärçilik ynsany bezeýän ýagşy häsiýetleriň jemidir, onda-da iliň adamsy bolan bagşy-sazanda süýji sözli, açyk göwünli, sabyrly bolmak ýaraşýandyr. Adamkärçiligiňi bagşyçylygyňdan üstün goýgun. Men ençeme şägirtleri ýetişdirdim, şolara-da ilkinji öwüdim şular boldy» diýip, agtygy Batyr Tüýliýew bilen maňa ýüzlendi.

“Gyz edebi - il edebi”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp- dessur esasynda ýöredýär. Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt.Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. G

Baý mirasy sarpalap

Düýn Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar welaýatyň Medeniýet merkeziniň dutarçy bagşy-sazandalarynyň şirin owazly aýdym-sazlary bilen garşylanyldy. Ildeşlerimiz joşgunly çykyşlar astynda sergi bilen tanyşdylar. Onda nepislik bilen ýerine ýetirilen ajaýyp el işleri, milli lybaslarymyz, bezeg şaý-sepleri, medeni mirasymyza degişli beýleki gymmatlyklar görkezildi. Welaýatyň dürli ýerlerinden gelen ussat zergärleriň, dutardyr gyjak ussalarynyň işläp oturan, gelin-gyzlaryň, el işlerini edýän mährem eneleriň ýaş gyzlara nepis halydyr halyçalaryň dokalyş usullaryny öwredýän pursatlary muzeýiň giň eýwanyndaky tomaşalaryň üstüni ýetirdi. Muzeýiň sergi bölümleri hem ýygnananlarda özboluşly täsir döretdi. Bu ýerde görkezilýän 3 müňden gowrak gymmatlygyň her biriniň baý taryhy bar. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine degişli ilkinji gurallar, aňňal, soky we degirmen daşlary, dänäni hem-de beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlar, ilkidurmuş adamlarynyň örän seýrek duş gelýän çakmak daşdan ýasalan gurallary, türkmen zenanlarynyň, çagalaryň mil

Ussadyň döredijiligine bagyşlandy

Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramagynda «Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen topragynyň gözelliginiň waspy» atly maslahat geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde guralan maslahata ýurdumyzyň sungat ussatlary, Döwlet kitaphanasynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny öwrenmek, halk arasynda wagyz etmek häzirki günde wajyp wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Watanyny jandan söýen şahyr gözel tebigatymyzy hem örän çeper wasp edipdir. Türkmen topragynyň owadan sähralarynyň, dag gerişleriniň, jana şypaly tämiz howasynyň tarypy şahyryň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Maslahatyň dowamynda akyldaryň tebigata bolan söýgini beýan edýän eserleriniň çeperçilik aýratynlyklary, baý many-mazmuna ýugrulan goşgy setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Çykyşlarda dana şahyryň çuň many-mazmuna ýugrulan goşgularynyň labyzly okalmagy çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

El hünäri — il gezer

Millilik ösdürilýär Ýaşlarda zähmet terbiýesini ösdürmek mugallym üçinem, ene-ata üçinem esasy wezipedir. Aýratyn-da, gyzlara el işlerini öwretmek ata-babalarymyzdan nusga bolup galan ýörelgedir. Çünki gyz perzent — kişi maşgalasy. Gyzlar durmuşa çykyp, bir öý-ojagyň eýesi bolansoňlar, olaryň diňe bir ylym-bilimine däl, eýsem, el işlerine hem aýratyn baha berilýär.

Sazyň gudraty

Saz adamyň pikirleniş ukybyny ösdürýän sungatyň iň kämil görnüşidir. Aýdym-saza uýgunlaşan beýni özüne zerur bolan maglumatlary gowy kabul edýär. Şeýle-de saz beýniniň has işjeň we rahat bolmagyna oňyn täsir edýär. Saz gurallaryny çalmak tebigatyň kanunlary baradaky ylym bolan fizika bilen hem baglanyşyklydyr. Mysal üçin, çaga dutaryň kirişlerini yzly-yzyna kakyp, seslendirende, onda garmoniki yrgyldy baradaky kanuna ýene bir ýola akyl ýetirýär. Hatda kirişsiz, kakylyp çalynýan saz gurallary hem yrgylda esaslanýar. Klawişli saz gurallaryny çalmak şol bir wagtyň özünde elleriň dürli hereketjeňligini talap edýär. Saz gurallaryny çalmak diňe iki eliň ussatlygyny deň ösdürmän, eýsem, özüňi rahat duýmagyňa hem ýardam berýär.

Halk kalbynyň aýnasy

Bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan  beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilen, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklaryň sany barha artýar. Olaryň hatarynda kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýlerinidir çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerini görkezmek bolar. Medeni ojaklarda medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge, geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň ähmiýeti uludyr. Bu ýerlerde çagalarymyz sungatyň dürli ugurlarynyň inçe tilsimlerini ele alyp, barha kämilleşýärler.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürm

Magtymgulynyň önüp-ösen mekany

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine Magtymgulynyň dünýä inen ýeri Etrek derýasynyň boýunda ýerleşen «Giň jaý» diýen ýerdir. Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Gara Işandan ýazyp alan maglumatlarymyza görä, ol ýere «Giň jaý» ady obanyň giň, ýaýraw ýerde ýerleşendigi üçin galypdyr. Bu — birinjiden. Ikinjiden, belent baýra çykyp seretseň, ol ýer umumylykda uly bir jaýyň keşbini ýada salypdyr. Obada il-gün bir jan, bir ten bolup, göýä bir maşgalanyň agzalary ýaly agzybirlikde ýaşapdyr.

Aýdymly dünýäniň ýyldyzy

Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi geçen ýyl Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda boldy. Bäsleşige ýaş zehinli estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy. Netijede, zehinli aýdymçy Bahar Annaýewa bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Döredijilik toparymyzyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe bolan ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa bilen taýýarlan gysgaça söhbetdeşligini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Bahar, sizi gazanan üstünligiňiz we uly şowhun bilen garşylanan Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeňişleriňiz dowamly, Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Dürli reňkleriň kömegi bilen täsin suratlary çekýän zehinli mekdep okuwçylarymyza guwanýarys. Ine, şeýle ajaýyp surat eserlerini döretmegi başarýan ýaşajyk suratkeşlerimiziň biri hem Balkanabat şäherindäki 22-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Kerim Öýliýewdir. Suratkeş jigimize mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris. Geliň, onuň çeken suratlaryny bilelikde synlalyň!

Beýik şahyryň edebi mirasyna sarpa

Türkmen halky «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Beýik şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary belent adamkärçiligiň, ahlak medeniýetiniň, mertligiň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşyna öwrülip, halk arasynda nesilden-nesle, dilden-dile geçip ýaşap gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýlup, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgeleri dowamat-dowam tapýar. Türkmen jemgyýetinde uly abraýa eýe bolan, edebi döredijiliginde döwletli ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, beýik ynsanperwerligi wagyz eden şahyry hormatlap, 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynda halkymyzyň şahyryna bolan beýik sarpasy öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary ynsanperwer garaýyşlary bilen umumadamzat hazynasyna ägirt uly goşandyny goşan şahyryň döredijiliginde gozgalýan meseleler häzirki döwürde hem umumadamzat derejesinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynd

Belent üstünlikleriň şuglasy

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimizi buýsanja besleýär, köňülleri nurlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ruhubelentlik, uly şatlyk bilen garşy alan eziz Diýarymyzyň her bir güni täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasaty dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şunda milli medeniýetiň, medeniýet diplomatiýasynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürýär, halkara gatnaşyklarynyň röwşen geljegini üpjün edýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da rowaçlanar, çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Magtymguly etrap birleşmeleriniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» ady bilen geçirilen dabaraly çärä medeniýet, bilim ulgamlarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belent tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýandygyny nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen baý edebi mirasymyzyň, şahyryň döredijiliginiň hemmetaraplaýyn öwrenilýändigi, üstümizdäki ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many-mazmunyň bardygy nygtaldy. Beýik akyldara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýylymyz bilen adybir goşgusy labyzly okaldy. Soňra «Sumbar» halk folklor toparynyň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de muzeý gymmatlyklarynyň we