Magtymgulynyň önüp-ösen mekany

17 Ýanwar 2024
867

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyň asyry» atly bäsleşigine

Magtymgulynyň dünýä inen ýeri Etrek derýasynyň boýunda ýerleşen «Giň jaý» diýen ýerdir. Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy Gara Işandan ýazyp alan maglumatlarymyza görä, ol ýere «Giň jaý» ady obanyň giň, ýaýraw ýerde ýerleşendigi üçin galypdyr. Bu — birinjiden. Ikinjiden, belent baýra çykyp seretseň, ol ýer umumylykda uly bir jaýyň keşbini ýada salypdyr. Obada il-gün bir jan, bir ten bolup, göýä bir maşgalanyň agzalary ýaly agzybirlikde ýaşapdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.
Beýleki habarlar