Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy

16 Ýanwar 2024
532

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Magtymguly etrap birleşmeleriniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» ady bilen geçirilen dabaraly çärä medeniýet, bilim ulgamlarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belent tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýandygyny nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen baý edebi mirasymyzyň, şahyryň döredijiliginiň hemmetaraplaýyn öwrenilýändigi, üstümizdäki ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many-mazmunyň bardygy nygtaldy. Beýik akyldara çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýylymyz bilen adybir goşgusy labyzly okaldy. Soňra «Sumbar» halk folklor toparynyň we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de muzeý gymmatlyklarynyň we senetçiligiň dürli görnüşleriniň sergilerine syn edildi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar