“...Saza goşsaň, uz bolar”

24 Ýanwar 2024
289

Mary welaýatynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen dutarçy bagşylaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Welaýat halk döredijilik merkeziniň guramagynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen bu bäsleşige höwesjeň dutarçy bagşylaryň uly topary gatnaşdy. Olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmekden, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekden, ýaş nesilleriň kalbynda beýik söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekden, akyldar şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekden ybaratdyr.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar