Bagşylaryň bäsleşigi

22 Ýanwar 2024
446

Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeginden bagşylardyr sazandalar gatnaşyp, olar öz ussatlyklaryny aýan etdiler.

Bäsleşige gatnaşan bagşylar milliligimizi şöhlelendirýän bezemen sahnada oturyp, Magtymguly atamyzyň goşgularyna düzülen halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýörite düzülen eminler toparynyň agzalary bagşylaryň aýdym aýdyşyna, sesiniň saz bilen utgaşyşyna, gerek bolan tonda aýdyp bilşine baha berip, ýeňijileri saýladylar. Netijede Mary şäher bagşylar öýüniň bagşysy Rüstem Onbegiýew Magtymguly Pyragynyň “Biwepalardan” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 1-nji orna, Ýolöten etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Allamyrat Gurbanow Magtymguly Pyragynyň “Aýryldym” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 2-nji orna, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň bagşylar öýüniň bagşysy Ogulkeýik Esenowa Magtymguly Pyragynyň “Bolar sen” goşgusyna düzülen halk aýdymy ýerine ýetirip, 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan bagşylara welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Beýleki habarlar