Baý mirasy sarpalap

18 Ýanwar 2024
452

Düýn Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar welaýatyň Medeniýet merkeziniň dutarçy bagşy-sazandalarynyň şirin owazly aýdym-sazlary bilen garşylanyldy. Ildeşlerimiz joşgunly çykyşlar astynda sergi bilen tanyşdylar. Onda nepislik bilen ýerine ýetirilen ajaýyp el işleri, milli lybaslarymyz, bezeg şaý-sepleri, medeni mirasymyza degişli beýleki gymmatlyklar görkezildi.

Welaýatyň dürli ýerlerinden gelen ussat zergärleriň, dutardyr gyjak ussalarynyň işläp oturan, gelin-gyzlaryň, el işlerini edýän mährem eneleriň ýaş gyzlara nepis halydyr halyçalaryň dokalyş usullaryny öwredýän pursatlary muzeýiň giň eýwanyndaky tomaşalaryň üstüni ýetirdi. Muzeýiň sergi bölümleri hem ýygnananlarda özboluşly täsir döretdi. Bu ýerde görkezilýän 3 müňden gowrak gymmatlygyň her biriniň baý taryhy bar. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetine degişli ilkinji gurallar, aňňal, soky we degirmen daşlary, dänäni hem-de beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlar, ilkidurmuş adamlarynyň örän seýrek duş gelýän çakmak daşdan ýasalan gurallary, türkmen zenanlarynyň, çagalaryň milli lybaslary, hojalykda ulanylan dürli göwrümdäki gap-gaçlar, ululy-kiçili torbalar, haly dokalanda ulanylýan gurallar we beýlekiler bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Ildeşlerimiz gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy Änewiň taryhy depelerinden tapylan, 5 müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň dänelerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň iň naýbaşy gymmatlygy bolan, kömre öwrülen bu bugdaý däneleri belli amerikan alymy Rafael Pampelliniň XX asyryň başynda arheologik ekspedisiýa ýolbaşçylyk edip, Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylypdy.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar