Änew — dünýä medeniýetiniň sallançak ojagy

23 Ýanwar 2024
361

Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda, Täze ýylyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmeginiň resmi derejesini alamatlandyrýan nyşanyň Azerbaýjanyň Şuşa şäherinden Änew şäherine getirilmegi we şu mynasybetli joşguna beslenen dabaranyň geçirilmegi medeni çäreleriň başlangyjy boldy. Üstümizdäki şanly ýylyň dowamynda bu gadymy şäherde geçiriljek medeni, ylmy hem-de wagyz-nesihat çäreleri, şeýle-de Änew şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň umumadamzat medeniýetindäki ähmiýeti barada gürrüň etmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Söhbedimizi Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler dogrusynda başlaýaly.

Söhbetdeş bolan Nurgözel ÇARYÝEWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar