Ussadyň döredijiligine bagyşlandy

18 Ýanwar 2024
469

Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bilelikde guramagynda «Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen topragynyň gözelliginiň waspy» atly maslahat geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde guralan maslahata ýurdumyzyň sungat ussatlary, Döwlet kitaphanasynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren edebi mirasyny öwrenmek, halk arasynda wagyz etmek häzirki günde wajyp wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Watanyny jandan söýen şahyr gözel tebigatymyzy hem örän çeper wasp edipdir. Türkmen topragynyň owadan sähralarynyň, dag gerişleriniň, jana şypaly tämiz howasynyň tarypy şahyryň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär. Maslahatyň dowamynda akyldaryň tebigata bolan söýgini beýan edýän eserleriniň çeperçilik aýratynlyklary, baý many-mazmuna ýugrulan goşgy setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Çykyşlarda dana şahyryň çuň many-mazmuna ýugrulan goşgularynyň labyzly okalmagy çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Ogulmaral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar