Beýik şahyryň edebi mirasyna sarpa

16 Ýanwar 2024
496

Türkmen halky «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Beýik şahyryň akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary belent adamkärçiligiň, ahlak medeniýetiniň, mertligiň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşyna öwrülip, halk arasynda nesilden-nesle, dilden-dile geçip ýaşap gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýlup, ata-babalarymyzyň döwletli ýörelgeleri dowamat-dowam tapýar. Türkmen jemgyýetinde uly abraýa eýe bolan, edebi döredijiliginde döwletli ýörelgeleri, milli gymmatlyklary, beýik ynsanperwerligi wagyz eden şahyry hormatlap, 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagynda halkymyzyň şahyryna bolan beýik sarpasy öz beýanyny tapýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýokary ynsanperwer garaýyşlary bilen umumadamzat hazynasyna ägirt uly goşandyny goşan şahyryň döredijiliginde gozgalýan meseleler häzirki döwürde hem umumadamzat derejesinde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigine ünsi çekdi. Tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ähli medeniýetli adamzadyň ýatlaýandygyny we oňa hormat goýýandygyny belledi.

Serdar ÇARYÝEW,
Ak bugdaý etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar