Halk kalbynyň aýnasy

17 Ýanwar 2024
361

Bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde tanalyp, şan-şöhraty äleme dolýan ata Watanymyzda gazanylýan  beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamy has-da kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeginde bina edilen, ähli amatlyklary bolan, döwrebap şertleri özünde jemleýän medeni ojaklaryň sany barha artýar. Olaryň hatarynda kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýlerinidir çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerini görkezmek bolar. Medeni ojaklarda medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge, geljekki nesillerimize ýetirmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, olary hünäre ugrukdyrmakda çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň ähmiýeti uludyr. Bu ýerlerde çagalarymyz sungatyň dürli ugurlarynyň inçe tilsimlerini ele alyp, barha kämilleşýärler.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmek barada uly alada edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýna Saparowa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar