Sazyň gudraty

17 Ýanwar 2024
400

Saz adamyň pikirleniş ukybyny ösdürýän sungatyň iň kämil görnüşidir. Aýdym-saza uýgunlaşan beýni özüne zerur bolan maglumatlary gowy kabul edýär. Şeýle-de saz beýniniň has işjeň we rahat bolmagyna oňyn täsir edýär. Saz gurallaryny çalmak tebigatyň kanunlary baradaky ylym bolan fizika bilen hem baglanyşyklydyr. Mysal üçin, çaga dutaryň kirişlerini yzly-yzyna kakyp, seslendirende, onda garmoniki yrgyldy baradaky kanuna ýene bir ýola akyl ýetirýär. Hatda kirişsiz, kakylyp çalynýan saz gurallary hem yrgylda esaslanýar.

Klawişli saz gurallaryny çalmak şol bir wagtyň özünde elleriň dürli hereketjeňligini talap edýär. Saz gurallaryny çalmak diňe iki eliň ussatlygyny deň ösdürmän, eýsem, özüňi rahat duýmagyňa hem ýardam berýär.

Natalýa DOROGOWA,
welaýatyň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar