Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – milli terbiýäniň nusgasy

24 Ýanwar 2024
221

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ahlak terbiýesine, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Şoňa görä-de, akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ata-ene, mugallym we terbiýeçi üçin gymmatly bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň çeperçilik derejesi, many çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuny, ynsanperwer ideýalary bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, türkmen edebiýatynda şahyrana mekdep döretdi. Söz sungatynyň beýik ussady durmuşda, halkyň, adamlaryň ýaşaýşynda ýüze çykýan meselelere aýratyn ähmiýet beripdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzy ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe sary alyp barýarlar. Ösüşli menzillerde bolsa dünýä döwletleriniň kämil tejribesine hem-de milli gymmatlyklarymyza daýanylýar. Türkmen halky Magtymguly Pyragy bilen dünýä meşhurdyr. Pyragy beýik şahyr hem dana akyldar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan şygryýet dünýäsi bu günki gün giňden öwrenilýär. Şahyryň indi üç asyra golaý wagt bäri halkyň dilinden düşmeýän goşgulary milli terbiýäniň nusgasyna öwrüldi. Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.

Şazada AHMEDOWA
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Beýleki habarlar