''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Ajaýyp ussat halal önümleri»: ussatlygyň we zähmetiň ajaýyp miweleri

Telekeçiligiň ösmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, işewürleriň häzirki zaman iş usullaryny önümçilige ornaşdyryp, diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýän önümleri öndürmegi döwletiň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyzda hem innowasion iş usullaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, ýokary netijeleri gazanýan hususy düzümleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň gazanýan üstünlikleri hem obasenagat toplumynda iş alyp barýan telekeçiler üçin nusgalykdyr. Bizem «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk boýunça direktoryň orunbasary Hojamyrat Altaýew bilen duşuşyp, oba hojalykçy hususyýetçiler üçin üstünlige barýan ýol barada söhbet etdik. «Ajaýyp ussat halal önümleri» hojalyk jemgyýeti indi 10 ýyldan gowrak wagtdan bäri maldarçylykda, has takygy, iri mallardan et we süýt önümlerini almakda ýurdumyzda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp gelýär.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda döwür bilen aýakdaş kärhanalaryň sany yzygiderli köpelip, olaryň öndürýän önümlerine bolan islegler barha artýar.

Göwün gözellige teşne

Mundan sähelçe wagt öň paýtagtymyzda guralan sergidäki göze gelüwli, milli toý lybaslara, nepis keşdelere köpleriň syny oturdy. Biri-birinden owadan el işleri mende bu ajaýyplygy döreden sungat ussadynyň zähmet ýoly bilen ýakyndan tanyşmak islegini döretdi. Haçan-da Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki tikinçilik öýüne baryp, işleriň guralyşyny, döwrebap egin-eşikleriň taýýarlanylyşyny görenimizde, Dilafruz Kurbanowanyň iňňe bilen özboluşly gözellik dünýäsini döredýändigine göz ýetirdik. Ilki aşpezlik, soňra buhgalterçilik hünärlerini ele alan Dilafruz heniz çagalygyndan öňünde aýdyň maksatlary goýýardy. Ol başda maşgalasyna degişli hususy naharhanasynda süýji-köke, datly tagamlary bişirip, olaryň söwdasyny ýola goýdy. Bu işiň ugrugýandygyna garamazdan, Dilafruzuň körpeliginde kalbynda kök uran tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak höwesi gün-günden has-da artdy. Ýolda-yzda, toý-tomaşada gelin-gyzlaryň geýýän bezemen lybaslaryny, köýnekleriniň ýakalaryna, ýeňlerine oturdylan nagyşlaryň gadymy nusgalaryny synlamak onuň endigine öwrüldi. Ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärleriniň nepisligi, köýnekleriň tikiliş, keşdedir gaýmalar bilen bezeliş aýratynlyklary Dilafruzy juda gyzyklandyrýardy. Kalbyndaky çagalyk arzuwynyň şinelemegi ony aşpezlik işiniň daş

«Röwşen» we «Mary deri — aýakgap» türkmen kompaniýalary Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin ýörite aýakgap toplumyny döretdiler

«Röwşen» we «Mary deri — aýakgap» türkmen kärhanalary 23 — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin bilelikde taýýarlanan ýörite sport aýakgaplarynyň toplumyny tanyşdyrdylar. Toplum türgenler, lukmanlar, howpsuzlyk işgärleri, metbugat işgärleri, meýletinçiler we beýleki çempionata gatnaşyjylar üçin aýakgap nusgalaryny öz içine alýar. Aýakgaplar häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanylyp taýýarlanyldy, olar ýokary hili hem-de rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

«Täze Aýyň» datly süýjülikleri

Ösüş-özgerişlere beslenýän täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek, eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini giňeldýärler. Bu ugurda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän telekeçi Rejepmyrat Orazowyň «Täze Aý» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasynda hem ýetip gelýän baýramçylyklary mynasyp zähmet sowgatlary, uly üstünlikler bilen garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň islendik söwda dükanynda ençeme görnüşli konditer önümleriniň arasynda «Täze Aý» haryt nyşanly görnüşleriniň köpdürlüligi, bezeginiň göze gelüwliligi, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň tagamy bolsa milli önümlerimiziň hiliniň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Konditer kärhanasynda myhmançylykda bolup, çagalykdan bäri uly höwes bilen iýýän lezzetli önümlerimiziň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşmak ýakymly duýgulary oýarýar.

Maýyşgak gaplamalary öndürýän iň esasy kärhana

«Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti azyk we azyk däl önümleriniň maýyşgak gaplamalaryny (rotagrawýura) çuňňur çap etmek usulynda öndürýär. Bu kärhana ýurdumyzda azyk harytlarynyň maýyşgak gaplamalaryny öndürýän ilkinji we ýeke-täk kärhanadyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti öz işine 2019-njy ýylyň maý aýynda başlaýar we onuň ilkinji hyzmatdaşlary «Tomus», «Kirpi», «Salkyn» kärhanalarydyr. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýeti ilki bary-ýogy 20 — 30 sany dizaýny bilen işe girişýär. Gysga wagtyň içinde önümleri bilen telekeçileriň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Häzirki wagtda 70-den gowrak telekeçiniň buýurmalaryny ýerine ýetirýän bu kärhana bu günki gün 450 — 500-den gowrak dizaýn işlerini özünde jemleýär. «Ýedidogan Nur» hojalyk jemgyýetiniň atlandyrylyşy barada gysgaça aýtsak, kärhananyň direktory Nurmuhammet Abdyrasulowyň ýedi ogly bar. «Nur» sözi bolsa Nurmuhammet aganyň adynyň birinji bölegidir.

Ýokary hil — esasy görkeziji

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Amantaý» haryt nyşanly önüm öndürýän tikinçilik bölüminde çagalar hem-de uly ýaşlylar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikleriň täze görnüşi bölek satuwa çykaryldy. Güýz-gyş aýlaryna niýetlenip, aýratyn bezegler bilen taýýarlanan bu önümler uly isleg bildirilip satyn alynýar. Bölümde daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tikin önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Bazar gatnaşyklarynyň barha ýygjamlaşýan döwründe işleriň täzeçe guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, işgärleriň döredijilikli işlemekleri üçin oňaýly şertleriň döredilmegi önümçiligi ýokarlandyrmaga, uly islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde öndürilýän önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şonuň üçin-de, her bir tikin önüminiň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda tikinçilik bölümi boýunça sebitiň çägindäki senagat, gurluşyk kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralarynyň buýurmalary esasynda taýýarlanan tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy.

Ak bazaryň berekedi

Ol ýerler mundan sanlyja ýyl öňem obanyň çekenesi bakylýan sazakly-selinli meýdandy. Häzir bu ýerde 5 gektara uzap gidýän döwrebap ýyladyşhana toplumy ýerleşýär. Oňa barýan köçäniň iki gyrasyny miweli we saýaly agaçlar eýeleýär. Yhlasly zähmeti bilen bu ýeri gülzarlyga öwren işjanly telekeçä Batyr Rozyýew diýýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hususy eýeçilikde önümçilik kärhanasyny açyp, halkymyzy ýylyň ähli paslynda ter pomidor bilen üpjün etmegi maksat edindi. Şol maksat bilen hem, Kerki etrabynyň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 9 gektar meýdany özleşdirip, onuň 5 gektarynda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurdy. Dört bölekden ybarat bolan ýyladyşhana toplumynyň uzynlygy 220, ini 186 metre deň. Onda pomidoryň «simgan» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Biz baranymyzda, işçi gelin-gyzlaryň bir topary ýyglan hasyly saýhallap, aýry-aýry gaplara ýerleşdirýärdiler. Ýene bir topary bolsa ýörite niýetlenen ýüpler arkaly pomidor nahallaryny ýokarlygyna galdyrýardylar. Telekeçi Batyr Rozyýew bu ýerden üç ýyl bäri bol hasyl alýandyklaryny, süýji tagamly pomidorlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem geçginlidigini aýdyp:

Ak bazarlaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önüm öndürijilerine ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ähli amatly şertleri, ýeňillikleri döredýär. Bu bolsa oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçilerini hem yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň bu ugurdaky alyp barýan işleri hem guwandyryjydyr. Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän bu hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, pomidoryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler.

«Geljege miras» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleriniň esasy ýörelgeleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagynyň we işewürligiň höweslendirilmeginiň netijesinde hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, döwrebap kärhanalarda täze önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Türkmen telekeçileri hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmegiň hötdesinden gelýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli önümleri öndürýän hususyýetçileriň sany barha artýar. Döredijilikli gözlegleriň netijesinde yzygiderli kämilleşýän düzümleriň biri-de 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geljege miras» hususy kärhanasydyr. Häzirki wagtda «Geljege miras» hususy kärhanasynyň önümçilik toplumynda «GM Oil» haryt nyşany bilen motor ýaglarynyň 11 görnüşi öndürilip, alyjylara hödürlenilýär.

Türkmenistan — mäş önümçiliginde iň uly mümkinçilikleriň ýurdy

Biz ýokardaky sözbaşyny ýöne ýere saýlamadyk. Soňky ýyllaryň dowamynda geçiren gözleglerimiz ýurdumyzda mäşiň senagat derejesindäki önümçiligini ýola goýmak üçin biziň toprak we howa şertlerimiziň juda amatlydygyny ýüze çykardy. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň toprak we howa şertleri bilen tanşan halkara bilermenler tarapyndan hem ykrar edildi. Has takygy, biz 2019-njy ýylyň 29-30-njy maýynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen «Mango hem-de möwsümleýin miweler we gök önümler» halkara sergisine Türkmenistanda gök önümleri ýetişdirmek, olaryň tagamy we ýetişdirilen hasyly möwsümine görä, daşary ýurtlara (şol sanda Hindistana hem) eksport etmek baradaky sebitleýin seljerme taslamamyz bilen gatnaşyp, Baş baýraga mynasyp bolduk. Hytaý, Hindistan ýaly oba holajygynda we azyk önümçiliginde öňdebaryjy döwletleriň wekilleriniň arasynda biziň şeýle derejä mynasyp görülmegimiz sergä gatnaşyjylarda Türkmenistana bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şolaryň hatarynda oba hojalygy boýunça baý tejribä eýe bolan onlarça kompaniýalaryň biziň bilen söhbetdeş bolmaga meýil bildirdiler. Şeýle söhbetdeşlikleriň biri Hindistanyň «SDF Production Pvt. Ltd.» kompaniýasynyň direktory Sonal Loharikaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirildi. Şol söhbetdeşligiň barşynda biz Türkm

Islegli gurluşyk serişdeleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki oýlanyşykly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiligi goldamakda döredýän mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, gurluşyk senagatynda netijeli işleri alyp barýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýeti hem pudakda adygan hususy kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hojalyk jemgyýeti üç ýyl mundan ozal welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurluşyk garyndy serişdelerini we gipskartony öndürýän kärhananyň işini ýola goýdy. Gurluşyk pudagynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürýän kärhananyň etrabyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda gurulmagy sebitde bu önümleri öndürmek üçin zerur bolan tebigy çig mal serişdeleriniň ýeterlik gorlarynyň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Umumy tutýan meýdany 25 gektara barabar bolan kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglere eýedigi ünsi çekerlikdir. Munuň özi hususy ulgamda dünýäniň öňdebaryjy önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanylyp, ýerli çig mal serişdelerinden bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylýandy

Türkmenistan — datly gawunlaryň ata watany

Taryhy maglumatlar bireýýäm Türkmenistanyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän ojaklarynyň biridigini tassyklady. Hususan-da, ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde ak bugdaýyň watany hökmünde bilinýär. Türkmen topragy diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, datly gawunlaryň hem watanydyr diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki behişdi nygmat bolan gawun dünýäniň hiç bir ýerinde türkmen topragyndaky ýaly süýji tagamly bolup ýetişmeýär. Türkmenistanda gawunlaryň 460-dan gowrak görnüşiniň bardygy hem bu ekiniň ilkinji tohumynyň biziň topragymyzda şineländigini aýtmaga esas berýär. Türkmenistanyň gawunyň ata watanydygy baradaky garaýşymyzyň ýene bir delili dünýä ýüzündäki ähli gawun görnüşleriniň biziň ýurdumyzda eýýäm meňzeşiniň bardygydyr. Şeýle-de daşary ýurtlardaky tohumlar biziň topragymyza getirilip ýetişdirilende, olaryň bizdäki bar bolan sortlara ähli babatda meňzemegi garaýşymyzyň hakykatdygyna güwä geçýär. Has anyk aýtsak, biz terjibe hökmünde dünýä meşhur gawun görnüşleriniň birnäçesini — «ýubari» (Ýaponiýada ýetişdirilýän görnüş), «kantelop» (ABŞ-da we Ýewropada, Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin ýetişdirilýän görnüş), «pýel de sapo» (Ispaniýada ýetişdirilýän görnüş) we «yellow honeydew» (Braziliýanyň sary g

Ülkämiň toý saçagyna

Güýz ahyrlap, howa salkynlap başlaýan döwründe kalbymyz özboluşly duýgulara beslenýär. Mazaly demini alan gök çaýyň ýany bilen lezzetli şokoladyň tagamy bolsa çagalyk ýatlamalaryny oýarýar. Çagalyk döwründe süýjülikler we salkyn howa Täze ýyl baýramynyň ýakynlaýandygyny aňladardy. Ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleriniň jemlenilip, täze üstünliklere ýol açýan baýramçylygyna telekeçiler hem güýçli depginde taýýarlyk görýär. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem telekeçi Begmyrat Işanowyň paýtagtymyzdaky «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hususy işewürlige giň ýol açylyp, telekeçiler üçin uly mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle asylly başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen birlikde, konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleri rowaçlyga beslenýär. Telekeçi Begmyrat Işanowyň «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň kerwenbaşysy diýsek hem ýalňyş bolmaz.

Datly söhbetler

Biziň gazetimiz her sanynda özüniň okyjylaryna birnäçe kafedir restoranlaryň hyzmatlary barada hödürleýär. Biz siziň toýly günleriňiziň, aýratyn seneleriňiziň göwnejaý derejede bolmagyny, ýagşy ýatlamalar bilen ýadyňyzda galmagyny isleýäris. Şu nukdaýnazardan  ugur alyp, gazetiň bu sanynda hem paýtagtymyzda ýerleşýän toý mekanlarydyr kafeleriň ilata hödürleýän hyzmatlary barada maglumat bermegi makul hasapladyk. Lezzetli içgi

Azyk bolçulygyna uly goşant

Gök ekerançylardyr bagbanlaryň asylly zähmeti öz guwandyryjy netijesini-de berýär. Bazarlarymyz dürli miwelerden, gökdür bakja ekin önümlerinden doly. Alyjylar islän ir-iýmişini, bakja ekin önümlerini elýeterli nyrhdan satyn alyp bilýär. Bu babatda türkmen telekeçileri-de yhlaslylyk görkezýärler. Olar diňe bir miweleri, ir-iýmişleri, gökdür bakja ekin önümlerini ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olary gaýtadan işlemekde-de ýokary netije görkezýärler. «Peragat» hojalyk jemgyýeti şerbetleriň, marinada ýatyrylan önümleriň dürli görnüşini halkymyza hödürleýär. Önümler «Nesil» haryt nyşany bilen bellidir. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynyň kuwwatlylygy ýylda 1 million şertli bankany gaplamaga barabardyr. Marinada ýatyrylan pomidor, şugundyrly kelem, duzly burç, hyýar-pomidor görnüşleri boýunça 480, 720 gramlyk, 1 litrlik şertli bankalara gaplanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar.

Ter önümler halkyň saçagynda

«Duýgy» nyşanly önümler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Duýgy» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhananyň işi bu gün barha ilerleýär. Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana 2001-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edip gelýär. Telekeçi Meretmuhammet Durdyhanowyň ýolbaşçylyk edýän konditer önümleri kärhanasynyň önümçilik bölümlerinde Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk etmegiň hötdesinden gelýän hünärmenler öndürilýän önümleriň hili we ýokumlylygy ugrunda uly tagalla edýärler.

Güýzüň gök maýsasy, ak atyzlary

(Publisistika) Bu meýdanlaryň beýle owadandygyny! Giden meýdanyň gök maýsasy adaja şemala çala tolkun atýar weli, ýer berekediniň iň naýbaşy ekini hasaplanýan ak bugdaý hasylly günlerine howlugyp, göge gol uzadyp barýan ýaly. Şol goly bolsa siňe synlasaň, keremli topraga ganymat kök uran dikje baldaklary. Şol baldaklardan eýýäm penje hem ýaýrap ugrapdyr. Daýhan eždatlarymyz bolsa: «Mizanda ekilen ak ekin akraba çenli penje görkezse, orak wagty gabyňy giňden açyber!» diýip aýtmanmy näme?!

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Halkymyzda gurmak, bina galdyrmak asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe kanunçylyk namalary, maksatnamalar kabul edildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, olaryň çäklerinde welaýatymyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösmegi, hususyýetçilige aýratyn üns berilmegi netijesinde, bu ugurda hereket edýän kärhanalaryň sany barha artýar. Olaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurana dost» hususy kärhanasydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda gurluşyk kärhanasynyň inženeri Oraz Orazow bize şeýle gürrüň berdi: