«Geljege miras» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleriniň esasy ýörelgeleri

19 Noýabr 2023
820

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagynyň we işewürligiň höweslendirilmeginiň netijesinde hususyýetçiler öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, döwrebap kärhanalarda täze önümleriň önümçiligini ýola goýýarlar. Türkmen telekeçileri hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmegiň hötdesinden gelýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli önümleri öndürýän hususyýetçileriň sany barha artýar. Döredijilikli gözlegleriň netijesinde yzygiderli kämilleşýän düzümleriň biri-de 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geljege miras» hususy kärhanasydyr.

Häzirki wagtda «Geljege miras» hususy kärhanasynyň önümçilik toplumynda «GM Oil» haryt nyşany bilen motor ýaglarynyň 11 görnüşi öndürilip, alyjylara hödürlenilýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar