«Täze Aýyň» datly süýjülikleri

26 Noýabr 2023
893

Ösüş-özgerişlere beslenýän täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek, eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini giňeldýärler. Bu ugurda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän telekeçi Rejepmyrat Orazowyň «Täze Aý» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasynda hem ýetip gelýän baýramçylyklary mynasyp zähmet sowgatlary, uly üstünlikler bilen garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzyň islendik söwda dükanynda ençeme görnüşli konditer önümleriniň arasynda «Täze Aý» haryt nyşanly görnüşleriniň köpdürlüligi, bezeginiň göze gelüwliligi, bahasynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň tagamy bolsa milli önümlerimiziň hiliniň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Konditer kärhanasynda myhmançylykda bolup, çagalykdan bäri uly höwes bilen iýýän lezzetli önümlerimiziň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşmak ýakymly duýgulary oýarýar.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar