«Duýgy» nyşanly önümler

31 Oktýabr 2023
928

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Duýgy» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhananyň işi bu gün barha ilerleýär. Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş geňeşliginiň çäginde ýerleşýän bu kärhana 2001-nji ýyldan bäri üstünlikli hereket edip gelýär.

Telekeçi Meretmuhammet Durdyhanowyň ýolbaşçylyk edýän konditer önümleri kärhanasynyň önümçilik bölümlerinde Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Şol tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk etmegiň hötdesinden gelýän hünärmenler öndürilýän önümleriň hili we ýokumlylygy ugrunda uly tagalla edýärler.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar