Türkmenistan — mäş önümçiliginde iň uly mümkinçilikleriň ýurdy

19 Noýabr 2023
687

Biz ýokardaky sözbaşyny ýöne ýere saýlamadyk. Soňky ýyllaryň dowamynda geçiren gözleglerimiz ýurdumyzda mäşiň senagat derejesindäki önümçiligini ýola goýmak üçin biziň toprak we howa şertlerimiziň juda amatlydygyny ýüze çykardy. Munuň şeýledigi Türkmenistanyň toprak we howa şertleri bilen tanşan halkara bilermenler tarapyndan hem ykrar edildi. Has takygy, biz 2019-njy ýylyň 29-30-njy maýynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçirilen «Mango hem-de möwsümleýin miweler we gök önümler» halkara sergisine Türkmenistanda gök önümleri ýetişdirmek, olaryň tagamy we ýetişdirilen hasyly möwsümine görä, daşary ýurtlara (şol sanda Hindistana hem) eksport etmek baradaky sebitleýin seljerme taslamamyz bilen gatnaşyp, Baş baýraga mynasyp bolduk. Hytaý, Hindistan ýaly oba holajygynda we azyk önümçiliginde öňdebaryjy döwletleriň wekilleriniň arasynda biziň şeýle derejä mynasyp görülmegimiz sergä gatnaşyjylarda Türkmenistana bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şolaryň hatarynda oba hojalygy boýunça baý tejribä eýe bolan onlarça kompaniýalaryň biziň bilen söhbetdeş bolmaga meýil bildirdiler. Şeýle söhbetdeşlikleriň biri Hindistanyň «SDF Production Pvt. Ltd.» kompaniýasynyň direktory Sonal Loharikaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirildi. Şol söhbetdeşligiň barşynda biz Türkmenistanyň toprak we howa şertleri, ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinleri barada gürrüňdeş bolduk. Gürrüňdeşligiň dowamynda Türkmenistanda maý aýynyň ahyrlaryna, iýun aýynyň ortalaryna çenli bugdaý ekilen meýdanlarda hasylyň ýygnalyp, şol ýerleriň aglaba böleginiň güýze çenli boş durýandygyny, olarda aralyk ekiniň önümçiligini ýola goýmagyň mümkindigini aýdanymyzda, hindistanly oba hojalykçylar bize aralyk ekin hökmünde biziň jöwzaly tomsumyza çydap biljek, suwy köp talap etmeýän mäşi maslahat berdiler. Olar Türkmenistanda mäşiň uly mukdardaky önümçiligi ýola goýulsa, ilkinji hyrydaryň özleri boljakdyklaryny hem sözleriniň üstüne goşdular. Şol maslahata eýerip, biz dessine işe girişdik. Ýagny 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Mizan» hojalyk jemgyýetine degişli 26 gektar ýerde Hindistandan getirilen ýaşyl mäşiň «Naval», «NVL-825» we gara mäşiň «Vishwas», Özbegistandan getirilen «Dürdäne», Niderlandlar Patyşalygyndan getirilen dik ösýän ýaly sortlar, şeýle-de ýerli mäşiň bir görnüşi bilen geçiren tejribe işlerimizde biz heniz tejribämiziň ýokdugyna, ekişde bir aý gijä galandygymyza garamazdan, her gektardan 800 kilogramdan gowrak hasyl aldyk. Bu bolsa bizi Türkmenistanda mäşiň senagat derejesindäki önümçiligini ýola goýmak baradaky gözlegleriň çygryny has giňeltmäge ruhlandyrdy. Şulary göz öňünde tutmak bilen, şu makalamyzda Türkmenistanda mäşi köpçülikleýin öndürmegiň artykmaç taraplary barada söhbet etmegi makul bildik.

Ozalky makalalarymyzda hem belleýşimiz ýaly, mäş yssy howany halaýan, köp suw talap etmeýän ekin. Şular bilen baglylykda, tomusda bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde mäşi ekmegiň biziň üçin birnäçe bähbitli taraplary bar. Bu, ilkinji nobatda, mäş önümçiliginiň ýurdumyzda goşmaça ekin meýdanlaryny talap etmeýändigini görkezýär. Munuň özi beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, örän uly artykmaçlykdyr. Mundan başga-da, bugdaýyň yzyna aralyk ekin hökmünde mäş ekmekligiň ekin meýdanlaryna hem birnäçe peýdaly taraplary bar.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
telekeçi.
Beýleki habarlar