Ak bazaryň berekedi

23 Noýabr 2023
654

Ol ýerler mundan sanlyja ýyl öňem obanyň çekenesi bakylýan sazakly-selinli meýdandy. Häzir bu ýerde 5 gektara uzap gidýän döwrebap ýyladyşhana toplumy ýerleşýär. Oňa barýan köçäniň iki gyrasyny miweli we saýaly agaçlar eýeleýär. Yhlasly zähmeti bilen bu ýeri gülzarlyga öwren işjanly telekeçä Batyr Rozyýew diýýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hususy eýeçilikde önümçilik kärhanasyny açyp, halkymyzy ýylyň ähli paslynda ter pomidor bilen üpjün etmegi maksat edindi. Şol maksat bilen hem, Kerki etrabynyň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 9 gektar meýdany özleşdirip, onuň 5 gektarynda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurdy.

Dört bölekden ybarat bolan ýyladyşhana toplumynyň uzynlygy 220, ini 186 metre deň. Onda pomidoryň «simgan» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Biz baranymyzda, işçi gelin-gyzlaryň bir topary ýyglan hasyly saýhallap, aýry-aýry gaplara ýerleşdirýärdiler. Ýene bir topary bolsa ýörite niýetlenen ýüpler arkaly pomidor nahallaryny ýokarlygyna galdyrýardylar. Telekeçi Batyr Rozyýew bu ýerden üç ýyl bäri bol hasyl alýandyklaryny, süýji tagamly pomidorlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem geçginlidigini aýdyp:

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar